Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.05.2016

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

668633
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.05.2016

“Star” gazeti “Premýer ministr Binali Ýyldyrym, ABŞ-nyň Wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer” söz başyly habarynda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog etabynyň depgininiň güýçlenendigini ýazýar.

ABŞ, Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek we sebitara meselelerde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýär. Prezident R. T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşliginden soň Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem ABŞ-nyň Wise-prezidenti Mişel Pens bilen şu gün agşam telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer. Ýyldyrym bilen Pensiň telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşmagyna garaşylýar.

“Haber Türk” gazeti “Bütindünýä bankyndan TANAP-a 400 million dollar” söz başyly habarynda Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrjak turba geçiriji tasmalasy TANAP üçin Bütindünýa banky bilen 400 million dollarlyk karz şertnamasynyň baglaşylandygyny mälim edýär.

Gazet gol çekişlik dabarasyndan soň metbugata beýanat beren Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albraýragyň TANAP taslamasynyň geljek ýyl hyzmada açylmagynyň meýilleşdirilýändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe ÝB-niň esasy hyzmatdaşy” söz başyly habarynda Ýewropa Parlamentiniň käbir halk deputatlarynyň ÝB-niň Ankara bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmeginiň we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň ÝB-niň bähbidine boljakdygyna aýratyn ünsi çekendiklerini belleýär.

Gazet Ýewropa Parlamentiniň Çeh halk deputaty Tomas Zdehowski ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşmagynyň bosgunlar hakynda baglaşylan şertnama ýaramaz täsirini ýetirjekdigi hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gazet Tomas Zdehowskiniň “ÝB üçin Türkiýe ýüz öwrülmesiz hyzmatdaşdyr. ÝB, Türkiýe bilen baglaşylan şertnamanyň öz güýjüni gorap saklamagy üçin egilşik etmeli” diýendigini ýatladýar.

Ýewropa Parlamentiniň Slowen halk pudetaty Frank Bogowiç hem ÝB-niň Türkiýe bilen bosgunlar meselesinde baglaşylan şertnamanyň ähmiýetine doly göz ýetirmelidigine ünsi çekdi.

“Watan” gazeti “Türk ýaragly güýçleri Al Baba girdi” söz başyly habarynda Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy üçin 24-nji awgustda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde başladylan Ýefrat galkany operasiýasynyň çaginde türk esgeriniň Al Babyň merkezine girendigini habar berýär.

Gazet Al Babyň golaýynda esasy depeleriň gözegçiligini ele geçiren Türk ýaragly güýçleriniň Al Babda terror guramasy DAIŞ-e soňky zarbany urmak üçin taýarlyk görýändigini belleýär.

Gazet dekabr aýynyň ortasynda Al Baba operasiýa guramaga başlan Türk ýaragly güýçleriniň terror guramasy DAIŞ-iň asuda ilaty janly galkan hökmünde ulanmagy sebäpli uly kynçylygy başdan geçirendigini belleýär.

Söweşden öňki resmi görkezijilere görä 64 müň ilaty bolan Al Babda häzir on müňlerçe adam ýaşaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Nobatda Rakka bar” söz başyly habarynda Siriýanyň Al Bab etrapçasynda terror guramasy DAIŞ-e strategiýa taýdan uly zarba uran Türk ýaragly güýçleriniň Rakka operasiýa guramak üçin taýarlyk görýändigini ýazýar.

Gazet Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Rakka operasiýasynyň PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-nyň başda durmagynda terror guramalaryna däl eýsem dogry şahyslara garşy hem guralmalydygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

 

 

 



Degişli Habarlar