Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýänin ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

662445
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “S&P we Fitch guramalaryna güýçli jogap, Stambul biržasy 9 aýyň iň ýokary derejesinde” söz başyly habarynda, Türkiýä garşy guralýan hüjümleriň ykdysady ugurny öz üstüne alan kredit derejelendiriş guramalarynyň anna güni agşam geçiren operasiýalaryna bazarlaryň ýol bermändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Standard&Poors guramasynyň kalendaryň daşyna çykyp, görnüşi otrisatele üýtgetmegine we Fitch guramasynyň bolsa baly maýa goýulyp biliner derejesinden hem aşaklatmagyna garamazdan, Türkiýäniň barlyklarynyň dünýä sanawynda ilkinji oruna geçendigini mälim edýär. Habarda güni 2,88 göterimlik ösüş bilen 86237 bal bilen ýapan Birža Stambulyň indeksiniň 9 aýyň iň ýokary derejesine çykandygy we Birža Stambulyň şol bir wagtda dünýäniň iň köp gymmatlan bazarynyň bolandygy bellenýär.

Star gazedi: “Kredit derejelendiriş guramalary Türkiýä nähaklyk etdi” söz başyly habarynda, Japon Credit Rating (JCR) guramasynyň Ýewarziýa boýunça jogapkär ýolbaşçysy Orhan Ökmeniň wajyp wakalaryň bolýan wagty bala üýtgeşiklik girizmezligiň derejelendiriş edebiýatynyň usulyýeti hökmünde möhüm bir borçnamadygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet Ökmeniň Türkiýäniň häzirki wagtda öňündäki kadadan daşary konýunkturadan geçýändigini belländigini nygtaýar. Habarda Orhan Ökmeniň: “Bular ýaly kadadan daşary konýunktura döwrüni hasaba almadan balyň üýtgedilmegi nähaklyk we adalatsyzlyk ýagdaýyna sebäp boljakdygy bilinýän bir netijedir. Derejelendiriş guramalary ýurtlarda goşmaça pozisiýa eýelemezlik ýa-da ýurtlara garşy öz pozisiýalarynyň netijeleri bilen täsirli bolmazlyk üçin ünsli çemeleşmelidir” diýendigi beýan edilýär.

Watan gazedi: “Türk banklaryna ynam global aralygy geçdi” söz başyly habarynda, müşderileriň türk banklaryna bildirýän ynamlarynyň we sadyklylygynyň dünýäniň ençeme ýurdundan öňdedigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet halkara gözegçilik we maslahatlaşma guramasy EÝ-niň 32 ýurtdan 55 müňden gowrak müşderiniň pikirini alyp taýarlan hasabatyna görä global ortaça görkezijiniň 75,1 derejesindedigini, emma türk banklaryna bolan ynamyň we sadyklygyň bolsa 75,6 derejededigini belleýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Metjitler nyşana astynda” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň käbir musulman ýurtlaryň raýatlaryna Amerika girmeklerine gadagançylyk getirmeginden soň, gapylaryny musulmanlara açan Kanadada terrorçylykly hüjümiň guralandygyny mälim edýär. Gazet Kwebek Siti Yslam medeni merkeziniň geçen ýylyň oraza aýynda hem hüjüme sezewar galandygyny nygtaýar. Habarda Kwebek Siti Yslam medeni merkeziniň başlygy Muhemmed Ýanguiniň: “Kwebek Sitide musulmanlara degişli 4 sany metjit bar. Şu metjitleriň her biri ýylda iň bolmanda 1 gezek hüjüme sezewar galýar” diýendigi ýazylýar. Gazet hüjümden soň ABŞ-daky metjitlerde hem howpsyzlyk çäreleriniň görülendigini, 2 gün ozal ABŞ-nyň Tehas ştatynda hem metjitleriniň biriniň ýakylandygy sebäpli Günbatarda ýaşaýan musulmanlarda howsala döredendigine ünsi çekýär.

Haber Türk gazedi: “Stambul kanal taslamasynda ada” söz başyly habarynda, Stambul şäherinde Gara deňizi Marmaraý deňizi bilen birleşdirjek Stambul Kanal taslamasyndan alynjak gumlar bilen emeli adalaryň emele getiriljekdigini habar berýär. Gazet emeli adalaryň kanalyň Marmaraý deňizine we Gara deňize guýýan ýerlerinde emele getiriljekdigini, adalaryň üstünde bolsa kanaly finansirlemek üçin girdeji getirjek taslamalaryň guruljakdygyny belleýär. Habarda adalarda ýaşaýyş jaýlaryň, restoranlaryň we wagt geçirip boljak dynç alyş ýerleriň guruljakdygy nygtalýar. Gazet Stambul kanal taslamasynyň tendriniň şu ýul geçirilmegine garaşylýandygyny beýan edýär.



Degişli Habarlar