Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýänin ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

658043
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Prezident Erdogan: Ýumşak terror oýunyna aldanmaň” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Tanzaniýada eden çykyşynda: “Dünýäniň häzirki wagtda iň uly howpy terrordyr, şol sebäpli bu terrora garşy hemmämiz bilelikde göreşmeli. Ýumşak terror, gaty terror-bular ýaly oýuna aldanmaň. Sebäbi Türkiýe Fetullahçy terror guramasy tarapyndan 15-nji iýulda agdarlyşyk synanyşygyna sezewar boldy. Bu gurama diňe Türkiýe üçin däl, eýsem iş alyp barýan ähli ýurtlar üçin howply. Biz ähli dostlarymyzy biziň başymyzdan geçen kynçylyklara we gam-gussa başlaryndan geçirmezlikleri üçin bu gurama barada maglumat berýäris” diýendigini habar berýär.

Sabah gazedi: “Astanada taryhy diplomatiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň we Russiýanyň tagallalary bilen 6 ýyl dowam eden Siriadaky içerki uruşyň taraplary bolan Asad bilen ýaragly oppozisionerleriň ilkinji gezek Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde jemlenendiklerini mälim edýär. Gazet esasy maksady 30-njy dekabrda yglan edilen od açmazlyk baradaky ylalaşygyň dowam etdirilmegi bolan maslahata Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň, ABŞ-nyň wekilleriniň we BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Misturanyň gatnaşýandygyna ünsi çekýär. Gazet Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden Sedat Önalyň, Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň wekilçilik edýän maslahata ABŞ-nyň adyndan ýurduň Gazagystandaky ilçisi gatnaşýandygyny belleýär. Habarda Russiýanyň adyndan Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentiýew bilen Daşary işler ministriniň orunbasary Mihali Bogdanow gatnaşýan bolsa, Siriýanyň hökümetiniň adyndan ýurduň BMG-daky wekili Beşar Al Jaferi gatnaşýandygy beýan edilýär.

Watan gazedi: “Minus 6 gradusda Siriýa ýangynyna çözgüt gözlegi” söz başyly habarynda, Siriýada söweşýän ýaragly oppozision toparlaryň serkerdeleri bilen ýurduň hökümetiniň ilkinji gezek Astanadaky tegelek stolyň başynda duşuşandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet -6 gradus sowukda dünýäniň iň uly meselelerinden biri bolan Siriýa krizisine çözgüt tapmak maksady bilen Russiýanyň we Türkiýäniň kepil bolmagynda gepleşikleriň geçirilýändigini nygtaýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Italiýanlar öňünde goýan maksatlaryny artdyrdy” söz başyly habarynda, Italiýanyň eksport krediti guramasy SACE-niň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Mişel Ronyň: “Türkiýedäki bar bolan gymmat bahaly kagyzlarymyzyň gymmady 2,8 milliard ýewro ýetdi we esasan hem Kiçi we orta ululykdaky kärhanalaryň infrastrukturalaryna, senagat enjamlaryna we tehnologiýa pudagyna goýan maýalarymyzy artdyrarys. Daşary ýurtlarda iş alyp barýan türk kärhanalaryna hem kredit bermäge taýardyrys” diýendigini belleýär.

Haber Türk gazedi: “Türkiýe syýahatçylar üçin ýylyň her paslynda teleserial taýarlar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň tebigy gözelliklerini bütin dünýä tanatmak üçin işe girişen Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň syýahat we dokumental film kanaly bolan Travel Channel bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim edýär.


Etiketkalar: #Erdogan , #Sabah , #Astana , #Siriýa

Degişli Habarlar