Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

638726
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Türkiýe OECD-de ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna geçdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Türkiýäniň howpsyzlyk meseleleri bilen birlikde hem ösüp biljekdigini tassyklandygyny görkezen bir ýurtdygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet soňky wagtlarda artan terrorçylykly hüjümleriň ykdysady hüjümler bilen hem goldanmagynyň aňyrsynda durýan esasy sebäbiň Türkiýäniň ähli ugurlarda gazanan üstünliklerdigini bellän Erdoganyň Türkiýäniň 2023-nji ýyldaky milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegine hiç kimiň päsgel berip bilmejekdigini aýdandygyny nygtaýar. Habarda Prezident Erdoganyň OECD-niň Türkiýäni orta girdejili ýurtlardan ýokary derejeli ýurtlaryň hataryna geçirendigini belländigi mälim edilýär.

Star gazeti: “FETÖ DAIŞ we Boko Haram ýaly radikal terror guramadyr” söz başyly habarynda, söz başyly habarynda, Türk-Amerikan milli ugrukdyrma komitediniň (TASC) Çikago şäherinde amerikaly musulmanlary bir ýere jemlän MAS-ICNA kongresinde “15-nji iýul we agdarlyşyk synanyşygyna garşy direnen garhrymanlar” atly maslahat geçirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet maslahatda çykyş eden Zenan we demokratiýa jemgyýetiniň (KADEM) başlygynyň orunbasary Sümeýýe Erdoganyň agdarlyşyk synanyşygynyň öňüniň alynmagynyň Türkiýe we sebit üçin wajypdygyny düşündirendigini beýan edýär. Habarda Sümeýýe Erdoganyň Fetullahçy terror guramasynyň (FETÖ) DAIŞ we Boko Haram ýaly radikal bir terror guramadygyny belläp: “Eger bularyň duzdurylmagy üçin çäre görülmese, onda olar bütin dünýä howp abandyrar” diýendigi ýazylýar.

Habertürk gazeti: “Hyzmatdaş güýçler DAIŞ-e garşy göreşde Türkiýäni ýalňyz goýdy” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň halkara hyzmatdaş güýçleriniň Siriýanyň demirgazygyndaky Al Bab sebitinde terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde Türkiýä goldaw bermezligini tankyt edendigini habar berýär. Gazet Ýewfrat galkany operasiýasy bilen 1900 inedördül kilometrlik ýeriň terrorçylardan saplanandygyny aýdan Kalynyň DAIŞ-e garşy göreş babatynda Türkiýeni hemişe tankyt edýänleriň howadan goldaw bermezlikleriniň kabul edilip bilinmejekdigini aýdandygyna ünsi çekýär. Habarda Ibrahim Kalynyň: “Ýewfrat galkany operasiýasynda Türkiýäniň tutanýerliligi  doly ýagdaýda dowam eder, bu operasiýa dolulygyna tamamlanar” diýendigi nygtalýar.

Ýeni Şafak gazeti: “Münbiç meýilnamasy taýar” söz başyly habarynda, Ýewfrat galkany operasiýasy bilen gabaw astyna alynan Al Bab şäheriniň merkezindäki etrapçalaryna ýöriteleşdirilen harby bölümleriň ilkinji toparlarynyň girmäge başlandygyny mälim edýär. Gazet gözegçilik astyna alynan etrapçalarda DAIŞ tarapyndan ulanylan minalaryň ünsleri özüne çekendigini, terrorçylaryň ýurtlaryň Ýaragly güýçleri tarapyndan ulanylýan minalaryň ençeme öýe ýerleşdirilendigini beýan edýär. Habarda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we Azat Siriýa goşunynyň Al Babdan soňky meýilnamalarynyň PÝD-niň gözegçiligi astyndaky Münbiç etraby hökmünde anyklanandygy ýazylýar. Gazet meýilnama görä Al Babdan soň iň giýç 10 günde Münbiçe giriljekdigini, beýleki tarapdan bolsa ABŞ-nyň terror guramasy PÝD-e zenit ýaragyny bermäge taýarlyk görýändigini belleýär. Gazet terror guramasyna beriljek zenit ýaraglarynyň esasy maksadynyň PÝD-e Münbiç üçin Türkiýä garşy goldaw häsýetine eýedigini, sebäbi DAIŞ-iň uçarynyň ýokdygyny ýatladýar.

Hürriýet gazeti: “Ýiten nesil taslamasy” söz başyly habarynda, Wise-premýer Weýsi Kaýnakyň bosgun çadyrlarynyň daşynda ýiten siriýaly nesliň bardygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ÝB bilen Ýiten nesiller taslamasynyň üstünde işleýändiklerini aýdan Kaýnakyň: “ÝB taslama üçin berjek maddy goldawyň mekdep, hassahana gurluşygynda ulanylmagyny islänok, emma umumy pikire gelip, bu taslamany durmuşa geçireris” diýendigine ünsi çekýär. Habarda ortada ýiten nesiliň bardygyny aýdan Kaýnakyň: “Bu ýiten nesil Türkiýede galsada, Siriýa gitsede Ýewropa üçin uly howp. Şol sebäpli taslamany durmuşa geçireris” diýendigi ýazylýar. Gazet Kaýnakyň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde Günbatar ýurtlaryň dogruçyl däldiginiň üstünde durup geçip: “Terrorçylaryň elinde Germaniýada öndürilen taňka garşy ýaraglar bar. Olar bu ýaraglary nädip ele saldylar?” diýip nägilelik bildirendigini beýan edýär.


Etiketkalar: #DAIŞ , #Al Bab , #Münbiç , #PÝD , #ABŞ , #KADEM , #TASC , #FETÖ , #OECD

Degişli Habarlar