Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

634109
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Dönük FETÖ dostluga kast etdi” söz başyly habarynda, Fetullahçy terror guramasynyň Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryna ýene-de bir gezek kast edendigini ýazýar. Gazet Türkiýe bilen Russiýanyn Halapda gabav astyndaky asuda ilatyň göçürliş etabyny üstünlik bilen gönükdirmeginiň, iki ýurduň sövda gatnaşygynda milli pul birliklerini ulanmak barada karara gelmeginiň garaňky elleri biynjalyk edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Russiýanyň ilçisiniň janyna kast eden terrorçynyň FETÖ-niň tarapdary hökmünde İçeri işler müdirliginiň sanavyna degişli edilendigi nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti “Hyýanatçylykly meýilnamanyň FETÖ bilen baglanşygy” söz başyly habarynda, Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlova Ankaradaky fotosurat sergisinde guralan ýaragly hüjümiň, soňky aýlarda kadalaşýan Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryny bozmagy nazarda tutuşandygynyň iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan hem beýan edilendigine üns çekilýär. Terrorçynyň FETÖ bilen bolan arabaglanşygynyň anyklanandygy, polis gullukçysy bolup işleýän terrorçynyň synagda soraglaryň ogurlanmagy bilen bagly derňev işinde şübhelidigi, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda-da zähmet rugsadynda bolmagynyň ünsleri çekýändigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk-rus gatnaşyklaryna zyýan ýetirmez” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ve Russiýanyň düýn rus ilçisi Karlova guralan hüjümiň garaňky hem-de guramaçylykly aksiýadygyna ilkinji pursatda göz ýetirendigini ýazýar. Habarda iki ýurduň arasynda ösýän gatnaşyklary bozmak maksady bilen guralan aksiýanyň maksadyna ýetmejekdigini nygtaýan ýokary derejeli ýolbaşçylaryň, terrorçylyga garşy halka derejesinde göreşmegiň ähmiýetine üns çekendikleri mälim edilýär.

“Vatan” gazeti “Ýevraziýa tuneli açyldy” söz başyly habarynda, Aziýa ve Ýevropa kontinentlerini gara ýoly tuneli bilen birleşdirjek Ýevraziýa tuneliniň şu gün dabara bilen açyljakdygyny, iki kontinentiň arasyndaky geçiş möhletiniň deňiziň astyndan 5 minuda düşjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Kino sungatynda milli pozisiýa” söz başyly habarynda, kimo-film sungatynda ýerli önümleriň Gollivudyň önümleri bilen bolan bäsleşikde üstün çykandygyny ýazýar. Gazet iy ýyl 55 million kino tomaşaçysynyň 29 millionynyň türk kino-filmlerine tomaşa etmegi saýlap alandygyny mälim edýär. Habarda üstünlikli ýerli filmleriň yzly-yzyna görkezilmäge başlanmagynyň, halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan filmleriň sanynyň artmagynyň tomaşaçylary türk filmlerine gönükdirendigi nygtalýar.



Degişli Habarlar