Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertinbiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

629353
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Zalyma, terrorça merhemet etmäň” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Stambuldaky terror hüjüminden soň Ýörite polis güýçlerinin bölüm müdirligine baryp, şol ýerde sözlän sözünde: “Terrorçylyga garşy göreşde size berilen hukuklardan peýdalanmakdan çekinmäň. Şol hukuklarynyzdan peýdalanyň. Eger-de zalyma merhemet etseňiz, zulum çekene hyýanat etdigiňiz bolar. Zalyma asla, onda-da terrorça merhetmek etmäň, näme çare görmeli bolsa görün” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Kim dost, kim duşman görmek isleýäris” söz başyly habarynda, Stambulda hyýanatçylykly hüjümiň jogapkärçiligini boýun alan PKK-nyň Ýewropa ýurtlary tarapyndan goralyp, goldanmagyny tankyt eden Wise-premýer Numan Kurtulmyşyň: “Terror guramalary ýaraglary bazardan almaýan bolsa gerek. PKK-nyň Ýewropadaky işlerini çäklendirilmegini isleýäris” diýen sözlerini çap edýär. Habarda häzirki wagtda-da PKK-nyň Ýewropanyň köp sanly ýurdunda iş alyp barýandygyny hemmeleriň bilýändigini nygtan Kurtulmuşyň: “Guramanyň tarapdarlary PKK garşy durýan türk raýatlaryna basyş edýärler” diýendigi mälim edilýär.

“Star” gazeti “ÝB-niň metbugat sekretarynyň jogap berip bilmedik soragy” söz başyly habarynda, ÝB Komissiýasynyň metbugat sekretarynyň orunbasary Aleksandr Wintersteiniň žurnalistlerden biriniň: “PKK-nyň ÝB-niň terror sanawyna degişlidigi göz öňünde tutulanda ÝB-ne agza ýurtlary PKK-nyň aksiýalaryna garşy konkret garşylyk görkezmäge çagyrýaňyzmy” diýen soragyna jogap bermändigini ýazýar. Gazet şol soragyň ÝB-niň syýasy ýolbaşçylaryna berilmelidigini gürrüň beren Wintersteiniň ÝB-niň resmi beýanatlarynda “terror” sözüniň bardygyny öňe sürdi. Habarda Wintersteiniň ÝB-niň ýolbaşçylarynyň terrorçylar bilen geçiren duşuşyklary barada bolsa “ÝB Komissiýasyyň PKK we terrorçylyga garşy göreşi hemmelere mälim” diýmek bilen çäklenendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “ABŞ PKK ýene-de ýarag berdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Stambuldaky pespäl hüjümlerde 44 adamy şehit eden terror guramasy PKK uly mukdarda ýarag berýändigini, Siriýada PKK/PÝD-niň gözegçiligindäki Kobani, Rimeýlan, Kamyşly we Aýn İsa etraplaryna uçarlar bilen ýarag getirilendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Ykdysadyýet üçin çäreler görüldi” söz başyly habarynda, Wise-premýer Mehmet Şimşegiň global söwda mukdarynyň azalmagynyň, ösüp barýan ýurtlarada maýa goýumynyň azalmagynyň we geosyýasy dartgynlyklaryň ykdysady ösüşe ýaramaz täsir ýetirendigini nygtap, ykdysadyýet üçin degişli çärelerin görülendigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Maliýe ministri Naji Agbalyň bolsa üstümizdäki ýylyň soňky çäruýeginde alynky görkezijileriň ykdysady taýdan oňyndygyny nygtap: “Gören çärelerimiz durmuşa geçiriler. Düýpli özgertmeler bilen daşarky konýenkturada ýüze çykmagy ähtimal meseleler 2017-nji ýylda ösüşiň depgininiň ýokarlamagyna goşant goşar” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar