Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

626787
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary ýurtlardaky raýatlar walýutalaryny çalyşmak üçin gelýärler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň çagyryşy bilen Amerikan dollarydan we ýewrodan bolan süýşürintgilerini türk lirasyna çalyşanlaryň hatarynda daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryň hem bardygyny ýazýar. Habarda Fransiýada 300 adamlk toparyň Türkiýä gelip walýutalaryny çalyşjakdyklaryny, birnäçe günden bäri daşary ýurtlarda ýaşaýan köp sanly raýatyň süýşürintgilerini çalyşmak üçin Türkiýä gelip türk lirasyny öwürýändikleri mälim edilýär.

“Sabah” gazeti “ÝB-niň merkezinde ÝB-ne çagyryş:Ýylanlara bakmaň” söz başyly habarynda, Londondan we Waşingtondan soň ÝB-niň paýtagty Brýusselde Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyny gürrüň beren “Sabah” we “Dailý Sabah” gazetiniň işgärleriniň: “Ýewropadan garaşylýan tama çykmady. ÝB terror guramalaryna hemaýat bermäge dowam etse netijesi agyr bolar” diýendiklerini ýazýar. Žurnalistleriň özüni mehdi atlandyrýan bir adam tarapyndan dolandyrylýan, tarapdarlarynyň ähli zadyny pida etmäge razy bolan, özüni gizleýän ulgamyň ýerleşýän ýurtlarynda dönüklik edip biljekdigine ünsi çekendikleri nygtalýar.

“Watan” gazeti “Terror öýjügi Kandilde “Göktürk” howsalasy” söz başyly habarynda, Yragyň Kandil etrabynda ornaşan we “Göktürk” hemrasy bilen her bir hereketi yzarlanyp, ýok edilýän PKK terrorçylarynyň rasia arkaly gepleşiklerinde howsala düşendikleriniň anyklanandygyny, terrorçylaryň arasyndaky gepleşiklerinde “Uçarmansyz ganatlar ähliňizi guş ýaly awlady. İndem Göktürk hemrasy çykdy. Ählimize agyr günler garaşýar” diýändiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe üçin şatlykly habar, senagat önümçiligi artdy” söz başyly habarynda, senagat önümçiligi indeksiniň oktýabr aýynda sentýabr aýy bilen deneşdirilende 3,7 göterim artandygyny, ösüşiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 2 göterime barabar bolandygy nygtalýar.

“Star” gazeti “Nejip Fazyl baýraklary üçin sanalgyja gün galdy” söz başyly habarynda, edebibat dünýäsinde uly tolgunma emele getiren Nejip Fazyl baýraklarynyň Prezident R.T.Erdoganyň gatnaşmagynda 10-njy dekabr şenbe güni agşam Haliç Maslahatlar Merkezinde geçiriljekdigini, dabaranyň göni efirden halk köpçüliginiň dykgatyna ýetiriljekdigini mälim edýär.



Degişli Habarlar