Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

619017
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazeti: “Sag bolsun Türkiýe” söz başyly habarynda, Ysraýylda 22-nji noýabrda başlan we ýurduň ähli ýerine ýaýran ýangynlaryň arasynda Türkiýe hem bolan köp sanda ýurduň goldawy bilen gözegçilik astyna alynandygyny mälim edýär. Gazet Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň ýangynlary söndürmäge gatnaşan uçarlaryň uçarmanlary bilen Hatzor howa bazasynda duşuşandygyny belleýär. Habarda resmilerden alynyp barylan işler bilen baglanşykly maglumat alan Netanýahunyň Türkiýäniň awiasiýasynyň Ataş söweşijileri atly ýangyn söndürme topary bilen söhbet edeninden soň, Türkiýäniň uçarynyň öňünde metbugat ýygnagyny geçirip ýangyn söndürmäge goldaw beren ähli daşary ýurtly toparlara sag bolsun aýdandygy ýazylýar. Gazet Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwliniň hem Türkiýäniň Ysraýyla iberen ýangyn söndürýän uçarlary üçin Prezident R.T. Erdogana jaň edip, sag bolsun aýdandygyny nygtaýar.

Haber Türk gazeti: “Diwarlaryň arka tarapyny görýär” söz başyly habarynda, türk inženerleriň daşary ýurtlarda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ulanylýan we diwaryň arka tarapynda janlynyň bolup-bolmandygyny görýän radary öndürendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ady agzalan enjamyň meňzeşini daşary ýurtlatda ýygy-ýygyndan ulanylýandygyny, arada diwar ýaly päsgelçiligiň bolan mahalynda diwaryň arkasynda janlynyň bolup-bolmandygy barada maglumat berýänidigine ünsi çekýär.

Sabah gazeti: “Tramptan iki sany tama” söz başyly habarynda, Wise-premýer Numan Kurtulmuşyň Amerikanyň täze Prezidenti Donald Trampyň Türkiýe bilen etjek gatnaşyklaryndan umytlydygyny aýdandygyny habar berýär. Habarda Numan Kurtulmyşyň: “ABŞ-nyň täze hökümetinden 78 million ilaty bolan Türkiýäniň halkynyň arzuwyna jogap berip, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna gaýtarylyp berilmegi we Siriýanyň demirgazygynda aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD bilen bolan gatnaşyklaryny ýaňadandan gözden geçirmegi. Men bu aýdylanlardan umytly” diýendigi nygtalýar.

Ýeni Şafak gazeti: “Hyzmatdaşlyk tapawutlylyk döreder” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Tährana guran saparynyň çäginde Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşandygyny mälim edýär. Gazet Ruhaniniň Siriýada we Yrakda asudalygy ýola goýmak üçin Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklary has hem çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny aýdandygyny belleýär. Habarda Hasan Ruhaniniň: “Şu günki gün sebitde tankydy ýagdaý başdan geçirilýär. Meseleleriň çözgüdinde Tähranyň we Ankaranyň hyzmatdaşlygy tapawutlylyk döredip biler” diýendigi, Mewlüt Çawuşoglynyň bolsa iki ýurduň agzybirliginiň goralmagynyň sebitleýin parahatçylyk we asudalyk üçin möhümdigini aýdandygy beýan edilýär.

Hürriýet gazeti: “Italiýada sahnada” söz başyly habarynda, sungat işgäri Serra Ýylmazyň "La bartarda di İstanbul" atly oýunyny Italiýada täzeden sahnalaşdyrandyrmak üçin taýarlyk görýändigini habar berýär.



Degişli Habarlar