Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

616877
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan walýutanyň ýerine altyn çagyryşy” söz başyly habarynda, 2015-nji ýylda global ylmaýy finansyň ululygynyň 2,1 trillion dollara barabar bolandygyny aýdan Prezident R.T. Erdoganyň halkara walýuta bazarlarynyň basyşyndan halas bolmak üçin pul birliklerinin altyna indekslenmegini maslahat berendigini ýazýar. Gazet, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ykdysady we Söwda Hyzmatdaşlygy boýunça Hemişelik Geňeşiniň (İSEDAK) 32-nji mejlisini açan Erdoganyň, musulman ýurtlarynyň özlerini global maliýe çökünliklerinden goramaga mejburdygyny aýdandygyny habar berýär. Erdogan halkara walýuta basyşyndan halas bolmak üçin maliýe pudagynda plýuralist finans düşünjesiniň, pul birliginde-de altyna indekslenen başlangyjyň edilmeginiň has ýerlikli boljakdygyny aýtdy.

“Watan” gazeti “Musulman ýurtlary günbatarda ýaýbaňlaşýan islamafobiýa garşy reaksiýa görkezmeli” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň İSEDAK-yň maslahatynda günbatarda günsaýyn ýaýbaňlaşýan islamafobiýa we rasiszme ünsleri çekendigini mälim edýär. Gazet,  Yslam dünýäsinde yzgiderli häsýetde oýun oýnalýandygyny nygtan Erdyganyň ABŞ-nyň we Ýewropanyň başda durmagynda bütin günbatarda musulmanlara garşy hüjümleriň artandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Erdoganyň: “Metjitlerimizi ýakýarlar. Bularyň ählisi günbatarda bolýar. İndi reaksiýa görkezeliň” diýmek bilen, musulman ýurtlaryny reaksiýa görkezmäge çagyrandygy nygtalýar.

“Star” gazeti “Hökümet birnäçe günüň dowamynda ykdysadyýet bilen bagly hoş habarlary berer” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Amerikan dollarynyň hümmetiniň ýokarlamagy we banklaryň karz bermekde husyt çemeleşmekleri sebäpli bazarlarda ýüze çykarylmaga synanşylýan ýaramaz şertleriň terror guramasy FETÖ-niň we onuň arkasynda durýan güýjüň Türkiýä oýnaýan täze oýunydygyna ünsi çekendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Halk ÝB-ne agzalyga garşy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ÝB-ne reaksiýa görkezip, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agzalygy alternatiw hökmünde saýlap alandygyny, bu baradaky beýanatdan soň Ýewropa Parlamentinde kelleleriň bulaşandygyny ýazýar. Habarda Türkiýede bolsa halkyň terrora goldaw berýän ÝB-den nägiledigi, 16 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen sowalnamanyň netijesine görä gatnaşyjylaryň 88 göteriminiň Türkiýäniň gepleşiklerden çekilmegini isleýändigi mälim edilýär.



Degişli Habarlar