Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

606073
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazeti: “Salgylaryňyzy bilýäris” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Prezident kompleksinde Elektrik desgalarynyň köpçülikleýin açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkiýäniň asudalygyny we howpsyzlygyny nyşana alan PKK, DAIŞ, FETÖ, DHKP-C ýaly terror guramalarynyň 1-2 sany terrorçydan ybarat däldigini, olaryň her haýsynyň arkasynda tapawutly güýçleriň we dürli-dürli taslamalaryň bardygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Prezident Erdoganyň: “Isleseňizem, islemeseňizem biz ösen medeniýetleriň derejesine ýeteris. Bize kynçylyk döretmek üçin terrorçylary ulanýanlara ýüzlenýärin. Mundan beýläk bukuljak ýeriňiz galmady. PÝD/ÝPG terror guramasy PKK-nyň şahalarydyr. DAIŞ bir terror guramasy bilen ýok ederis diýýärsiňiz. Oňa dünýäde hiç kim ynanmaz. Biziň gözlerimizi çykarmak isleýänler diňe öz gözlerinden mahrum bolarlar” diýendigini beýan edýär.

Haber Türk gazeti: “Rakkany basyp almak etabyna Türkiýesiz başlamarys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Hulusi Akar bilen ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Ýozef Dunfordyň birnäçe gün ozal Ankarada geçiren möhüm duşuşygyň jikme-jikligini ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň aýan edendigini mälim edýär. Habarda Pentagonyň resmi saýtynda berilen beýanatda: “Amerikaly we türk harby resmileriň Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilýän operasiýa bilen baglanşykly uzak möhletli meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi babatynda ylalaşdy” diýip aýdylýan bolsa, ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Dunfordyň Ankara guran saparyndan soň beren beýanatynda: “Rakkanyň basylyp alynmagy etabyna türkler bolmadan başlamarys, olar operasiýada dogry güýçleri saýlamaga kömek berer” diýendigi ýazylýar.

Ýeni Şafak gazeti: “700 kärhana bu fuarda” söz başyly habarynda, Özbaşdak senagatçylar we işewürler jemgyýeti MÜSIAD-yň şu ýyl 16-njy gezek geçiriljek MÜSIAD EXPO-nyň ertir Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda öz işine başlajakdygyny habar berýär. Gazet “Iş bu ýerde” şygary bilen gapysyny açjak fuaryň işewür adamlary jemlejekdigini belleýär. Habarda fuara 100-den gowrak ýurtdan takmynan 7 müňi daşary ýurtly bolmak bilen jemi 200 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýandygy nygtalýar. Gazet söwda fuaryna şu ýyl 700 kärhananyň gatnaşjakdygyna ünsi çekýär.

Watan gazeti: “Tährandan ýüzlenme, Eýranyň 3 banky bir wagtda gelýär” söz başyly habarynda, Eýranyň 3 uly banky Saman bankynyň, Bank Pasargadyň, ve Parsian bankyň Türkiýede iş alyp barjakdygyny mälim edýär. Gazet Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň Eýrana guran saparyndan soň metbugat işgärlerine beren beýanatynda Eýranyň 3 bankynyň Türkiýede iş alyp barmak isleýändigini belläp: “Bank Pasargad, Saman Bank ve Parsian Bank ýaly banklar Türkiýede işlemek isleýär. Şonuň bilen baglanşykly gepleşikler dowam edýär” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazeti: “Ruslar meýilnamasyny düzdi, täze ýylda Türkiýä gelýärler” söz başyly habarynda, Syýahatçylyk pudagynda uçar krizisinden soň 2016-njy ýylda 80 göterim peselesn rus bazarynyň ýaňadandan janlanmaga başlandygyny habar berýär. Gazet çarter saparlarynyň ýola goýulmagyndan soň oktýabr we noýabr aýlarynda gelen ruslaryň täze ýylda hem gelmek üçin myhmanhanalary bronlamaga başlandyklaryny beýan edýär. Habarda Russiýadan ajaýyp gyş talaby ady bilen beýanat beren Russiýanyň Tur operatorlary bileleşiginiň resmileriniň: “Täze ýyly daşary ýurtlarda geçirmek isleýän ruslaryň islegi Türkiýä boldy” diýendigi ýazylýar.



Degişli Habarlar