Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.09.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.09.2016

Haber Türk gazeti: “Türkiýäniň ýöriteleşdirilen harby topary amerikaly esgerleri halas etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň Azat Siriýa goşuny tarapyndan islenmeýändigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet ABŞ-na gitmezden ozal Stambulyň Atatürk howa menzilinde beýanat beren Erdoganyň Siriýada geçirilen DAEŞ-e garşy operasiýalarda Azat Siriýa goşunynyň ABŞ-nyň harbylaryny kowmagynyň üstünde durup geçendigini belleýär. Habarda Erdoganyň: “Ýöriteleşdirilen güýçler Azat Siriýa goşuny tarapyndan islenmeýär. Azat Siriýa goşunyna garşy Amerikaly resmileriň pozisiýalary etaby şol tarapa ugrukdyrdy. Biziň ýöriteleşdirilen harby toparlarymyz 30-a golaý amerikaly esgeri ol ýerden alyp çykdy” diýendigi ýazylýar. Gazet Erdoganyň Ýewfrat galkany barada bolsa: “3-4 aý dowam eder diýdiler, 15 günde tamam boldy. Mamla ekeniňiz diýdiler. Mamla bolmak hiç zat üýtgedenok. Sebiti biz bilýäris, bizi diňläň” diýendigini beýan edýär.

Watan gazeti: “TIKAD-dan ABŞ-da Türkiýe üçin toparlanşyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Işewür zenanlar jemgyýeti TIKAD-yň BMG hepdeliginiň çäginde Nýu-Ýorkda “Beýgelýän Türkiýe, ösen demokratiýa” atly maslahat geçirjekdiklerini habar berýär. Gazet 22-nji sentýabrda geçiriljek maslahata Amerikanyň meşhur metbugat işgärleriniň, ýazyjylar we alymlar bilen birlikde işewür dünýäniň resmileriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň gatnaşjakdygyna ünsi çekýär. Habarda maslahatyň hormatly myhmanynyň Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň boljakdygy aýdylýar.

Star gazeti: “Atatürk howa menzili täze rekord goýdy” söz başyly habarynda, 1 günde 1500 uçary gondyran we uçuran Stambulyň Atatürk howa menziliniň täze bir rekord goýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 18-nji sentýabrda ýurduň öz içindäki saparlar boýunça 236 uçaryň howa menzilinden uçandygyny, 245 uçaryň bolsa gonandygyny, daşary ýurt saparlary boýunça bolsa 513 uçaryň uçandygyny, 506 uçaryň bolsa howa menzline gonandygyny belleýär. Habarda şol gün howa menzilinden 749 uçaryň uçandygy, 751 uçaryň bolsa howa menziline gonandygy, şeýlelik bilen Atatürk howa menzilinden uçan we gonan uçarlaryň sanynyň 1 günde 1500-e ýetendigi beýan edilýär.

Hürriýet gazeti: “Gowurlan kula nohudy dünýä bazarlarynda” söz başyly habarynda, Kula nohutçylar kooperatiwiniň başlygy Ibrahim Karjynyň kooperatiwa agza 30 adam tarapyndan 1 ýylda 1400 tonna gowrulan nohudyň öndürilýändigini, bildirilýän talabyň barha artýandygyny we ýetişmeýändiklerini aýdandygyny mälim edýär. Gazet öndürijileriň aglabasynyň önümlerini Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna eksport edýändigini bellän Karjynyň: “Gowrulan nohutlarymyz paketlap Gerasiýadaky dükanlara we azyk öndürijilerine satýarys. Ýakyn Günogar we Ýewropa ýurtlary kula nohudyny sarp edýär” diýendigine ünsi çekýär.

Sabah gazeti: “Türkiýäniň Paralimpiýada altyn ýyly” söz başyly habarynda, 2016 Rio Paralimpiýa oýunlarynda Türkiýäniň Paralimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp altyn medal gazanan oýunlaryň bolandygyny habar berýär. Gazet Türkiýäniň 3 altyn, 1 kümüş we 5 sany bürünç medala eýe bolandygyny nygtaýar.



Degişli Habarlar