Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.09.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

563023
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.09.2016

“Hürriýet” gazeti “Efkan Ala garaşylmadyk ýagdaýda wezipeden çekildi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň we Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Prezidentiň kompleksindäki nobatdan daşary duşuşygynda ministrler kabinetiniň düzüminde kiçijik özgertme edilendigini ýazýar. Habarda Premýer ministr Ýyldyrymyň duşuşykdan soň İçeri işler ministri Efkan Alanyň wezipeden çekilendigini, Alanyň ýerine Zähmet we sosial üpjünçilik ministri Süleýman Soýlunyň, Süleýmen Soýlunyň ýerine bolsa Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Mehmet Müezzinoglunyň bellenendigini aýdandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Star” “Prezident Erdogan Halapda baýramyn asuda geçmegi üçin tagalla edýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Siriýanyň gabaw astyndaky Halap şäherinde Gurban baýramyndan ozal hüjümleriň bes edilmegi üçin işe girişendigini, baýramyň asuda geçmegi we 500,000-e golaý adama ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin ABŞ we Russiýa bilen gepleşiklerini dowam etdirýändigini, Prezident Erdoganyň Hytaýda geçiriljek G20-niň maslahatynda ABŞ-nyň we Russiýanyň Prezidentleri bilen mesele boýunça pikir alyşjakdygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Prezidentiň 4 taraplaýyn Ýewropa maslahaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň üstümizdäki aýyň 4-5-i aralygynda dünýä liderleriniň gatnaşmagynda geçiriljek G20-niň maslahatynda Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland we İtaliýanyň Premýer ministri Matteo Renzi bilen dörttaraplaýyn duşuşyk geçirjekdigini mälim edýär. Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde ÝB-Türkiýe gatnaşyklary, bosgunlar meselesi, wiza erkinligi ýaly meselelere-de garaljakdygy nygtalýar.

“Watan” gazeti “Russiýadan Antalýa hepdede 63 sapar” söz başyşly habarynda, Türkiýäniň raýat awiasiýasy baş müdirliginiň Russiýadaky howa menzillerinden Antalýa hepdede 63 gezek çarter saparynyň guralmagyny tassyklandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Wenesiýada fetiwal günleri” söz başyly habarynda, İtaliýanyň Wenesiýa şäheriniň Lido ýarym adasynda guralan dünýäniň iň taryhy kino festiwaly bolan 73-nji Wenesiýa kino-film festiwalynyň çäginde dünýä belli režisýorlaryň eserleri bilen birlikde türk filmleriniň hem görkeziljekdigini ýazýar.



Degişli Habarlar