Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.08.2016

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

552817
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.08.2016

“Ýeni Şafak” gazeti “Maýa goýumlary 10 ýylda 14 esse artdy” söz başyly habarynda, Adalat ve ösüş partiýasynyň 14 ýyllyk häkimiýetiniň ykdysadyýete altyn dövrüni ýaşadandygyny ýazýar. Gazet içerde ve daşarda ýazylan ähli ssenarilere ve terrorçylykly hüjümlere garamazdan ösüş, inflýasiýa ve eksport görkezijileriniň Türkiýäniň bähbidine ýokarlandygyny, ynamyň ve durnuklylygyň simvoly bolan gönüden daşary ýurt maýa goýumynyň bolsa 14 ýylda 10 esse artyp, 148,2 milliard dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Türkiýäniň 17 sany täze taslama bilen ikinji gezek iň ýokary maýa goýum mukdaryna eýe bolandygy mälim edilýär.

“Sabah” gazeti “FETÖ-nin 34 ýurtdaky hasaby saklandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Fetullahçy terror guramasynyň agzalarynyň maliýe akymyna global derejede operasiýa guramak üçin işe girişendigini nygtaýar. Habarda birinji tapgyrda OECD-ä degişli Maliýe iş borjy güýjiniň çäginde 34 ýurda FETÖ barda maglumat berilip, guramanyň agzalarynyň emläkleriniň ve pul hereketleriniň saklanmagynyň talap edilendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär. Gazet Türkiýäniň degişli ýurtlaryň maliýe hovpsyzlyk gulluklary bilen bilelikde hereket edip, 150 milliard dollara barabar serişdesi bolandygy çaklanylýan FETÖ-niň maliýe ulgamynyň dolulygyny dargadylmagynyň nazarda tutulýandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “ABŞ goldav üçin Türkiýä sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Goranmak ministri Eşton Karteriň Siriýada Munbiç etrabynyň DAİŞ-den saplanmagy üçin guralan operasiýa gatnaşan güýçleri gutlap, Türkiýä operasiýalara beren goldavy üçin minnetdarlyk bildirendigini ýazýar. Habarda Karteriň ministrlikden berilen beýanatda: “Munbiçde gazanylan üstünlik şol bir vagtda Rakkanyň halas edilmegine goşant goşar ve Siriýadaky nobatdaky maksadymyz Rakkadaky gözegçiligi ele almak. Pursatdan peýdalanyp Türkiýänin operasiýa beren goldavy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Star” gazeti “Pakistan kinosyndaky türk gyzy” söz başyly habarynda, Pakistanda 22-nji iýulda görkezilmäge başlanan Jamal Şahyň režisýorlyk eden “Revende Of The Vorthless” atly kino-filmde Emel Karakösäniň Palvashanyň obrazyny ýerine ýetirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “İň govusy Bodrum” söz başyly habarynda, Ortaýer deňzine kenary bolan ýurtlaryň görülmäge mynasyp portlarynyň sanavyny çykaran nemes internet ve syýahatçylyk saýtynyň Bodrum portuny Ortaýer deňiziniň iň ovadan 8 portunyň hataryna goşandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar