Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.08.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

545651
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.08.2016

Habertürk gazeti: “Fetullah Gülen agdarlyşyk synanyşygy sebäpli tussag ediler” söz başyly habarynda, Stambulyň kazyýeti Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň ýolbaşçysy Gülene garşy 15-nji iýulda harby agdarlyşygy ýerine ýetirmek barada buýruk berendigi üçin tussag edilmek barada karar kabul edendigini mälim edýär. Gazet kararda harby agdarlyşyk synanyşygynyň FETÖ/PDÝ-niň ugrukdyrmagy bilen we agzalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen bolandygy bellenýär.

Sabah gazeti: “FETÖ-niň mekdepleri ýeke-ýeke ýapylýar” söz başyly habarynda, Fetullahçy terror guramasy tarapyndan guralan 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň, Türkiýäniň dünýäniň ençeme ýurdundaky gurama degişli mekdepleriň yapylmagy üçin diplomatiki hüjüm başladandygyny habar berýär. Habarda mekdepleriň we terrorçylaryň öýleriniň ýapylmaga başlanandygy ýazylýar. Gazet şol çäkde Türkiýäniň gaýgysyny ilkinji paýlaşan ýurtlarynyň Azerbaýjan, Somali we Pakistan bolandygyny, käbir ýurtlar bilen bolsa şol babatda diplomatiki gatnaşyklaryň dowam etdirilýändigini beýan edýär. Gazet 170-den gowrak ýurtda mekdepleri bolan guramanyň, bütin dünýäde 1 müňden gowrak mekdebiniň bardygyny, şol mekdepleriň 140-synyň ABŞ-da ýerleşýändigini ünsi çekýär.

Star gazeti: “Stambul demokratiýa we şehitler mitingine taýar” söz başyly habarynda, şäheriň Ýenikapy diýilen ýerinde 7-nji awgustda geçiriljek mitingiň taýarlyklarynyň tamamlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet mitinge gatnaşjak adamlaryň şäheriň Anadoly we Ýewropa kenaryndan awtobuslar arkaly Ýenikapa getiriljekdigini belleýär. Habarda mitingde 13 müň adamyň iş alyp barjakdygyny, mitingde mundan başgada lukmanlaryň we ýangyn söndürijileriň boljakdygy nygtalýar.

Ýeni Şafak gazeti: “Ýaponiýanyň ulag öndüriji kärhanasy maýa goýmak isleýär” söz başyly habarynda, daşary ýurt maýadarlaryň Türkiýe bolan gyzyklanmasynyň agdarlyşyk synanyşygyndan soň hem dowam edýändigini mälim edýär. Gazet ýylda 27 million motor öndürýän Ýaponiýanyň Hondo kärhanasynyň Türkiýä bolan ynamynyň goýjak maýalary bilen görkezmek isleýändigini beýan edýär. Habarda Hondo kärhanasynyň Türkiýe boýunça jogapkär ýolbaşçysy Hideto Ýamasakiniň Türkiýede motosikl fabrikasyna maýa goýup biljekdigini aýdandygyna ünsi çekilýär.

Hürriýet gazeti: “NASA-dan Stambula hormat bilen” söz başyly habarynda, Amerikan Milli awiasiýa we älem gullugy NASA özüniň Twitter we Instagram hasabyndan Stambulyň älemden çekilen suratlaryny çap edendigini habar berýär. Gazet Halkara älem bekedinde iş alyp barýan Jeff Williamsyň alan wideosyny NASA hem retweet edendigini belleýär.



Degişli Habarlar