Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.08.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

542260
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.08.2016

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.08.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

“Haber Türk” gazeti “Jemgyýetçilik-harby deňagralygy ýaňadandan guralýar” söz başyly habarynda, döwletiň we harby ulgamyň gurluşynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygyndan son yglan edilen adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň çäginde çykarylan perman bilen ýaňadandan guralyp, jemgyýetçilik tapgyra geçilendigini mälim edýär. Gazet serkerdelikleriň Milli goranmak ministrligine birikdirilendigini, harby mekdepleriň ýapylandygyny, Milli goranmak uniwersitetiniň açylandygyny, Ýokary harby geňeşiň harby däl agza sanynyň artdyrylandygyny, geňeşiň düzüminiň hökümetiň 10 agzasyndan we 4 serkerdeden ybarat boljakdygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Agdarlyşykçylar amerikaly serkerdä telefon edipdirler” söz başyly habarynda, 15-nji iýul gijesi pajygaly agdarlyşyk synanşygyny guran ganhorlaryň goldaw almak üçin ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Žozef Danforda telefon edendigini, Amerikanyň harbarlar saýty “Buzzfeediň” ýazmagyna görä Baş ştabyň başlygy Hulusi Akary zamun alan dönükler telefon arkaly Danforddan goldaw soraýar. Telefony açan amerikan harby ýolbaşçylar bolsa Danfordy ukydan oýandyrmak islemändirler we dönüklere amerikaly serkerdäniň işlidigini aýdyp, telefony ýapypdylar.

“Sabah” gazeti “Ýewropanyň ýüreginde demokratiýa nobaty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 81 welaýatynda günsaýyn artýan ygrarlylyk bilen dowam edýän demokratiýa nobatynyň Ýewropanyň ýüregine çenli baryp ýetendigini ýazýar. Gazet Ýewropanyň çar tarapyndan Germaniýa baran 80 müňe golaý türküň Keln şäherinde guralan “Agdarlyşyga garşy demokratiýa mitingine” gatnaşandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Prezident Erdoganyň demonstrasiýada telekonferensiýa arkaly çykyş etmegine rugsat berilmänligi sebäpli, Prezidentiň ýüzlenmesiniň münberden okalandygy mälim edilýär.

“Watan” gazeti Bütin dünýä demokratiýa bildirişi” söz başyly habarynda, agdarlyşyk synanşygyndan soň düşünje mobilizlenmesini başladan işewürler dünýäsiniň türk halkynyň demokratiýa göreşini daşary ýurtlardaky gazetlere beren bildirişleri arkaly bütin dünýä ýetirýändiklerini mälim edýär. Gazet Türk senagatçy we işewür adamlary jemgyýetiniň halkara jemgyýetçiligine dogry maglumat bermek bermek maksady bilen “Finansal Taýms”, “Le Mond”, “Waşington Post”, we “Franfurter Allgemeine Zeitung” gazetlerinde “Türkiýede demokratik konstitutsion ulgamy goramak” atly bildiriş çap edendiklerine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “20-den gowrak ýurtda agdarlyşyk synanşygy gürrüň beriler” söz başyly habarynda, agdarlyşyk synanşygyndan soň halkara media organlarynda Türkiýä garşy berilýän habarlaryň artmagy sebäpli Adalat we ösüş partiýasynyň işe girişendigini, 20-den gowrak ýurda wekiliýetleriň ugradyljakdygyny, jemgyýetçilik diplomatiýasynyň depgininiň güýçlendiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar