Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.07.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.07.2016

“Star” gazeti “Prezident Erdogan adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny “Garaşsyzlyk göreşini alyp barýarys” sözleri bilen analiz etdi” söz başyly habarynda, Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň maslahat bermeginde ministrler kabinetiniň 3 möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň yglan edilmegi baradaky ygtyýarnamasynyň 346 ses bilen kabul edilendigini ýazýar. Gazet Prezident R.T.Erdoganyň “Gahryman Mejlisimiz adatdan daşary ýagdaý düzgüni baradaky karary bilen garaşsyzlyk göreşininiň başyny başlady. Ektremist terror guramasy bilen göreşişimiz nähili dowam edýän bolsa olara garşy hem dowam eder” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “15-nji iýul “Şehitleri hatyralama güni” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 15-nji iýulyň “Şehitleri hatyralama güni” hökmünde yglan edilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Prezident Erdoganyň geljek nesillerin ýönekeý raýaty, polis gullukçysy, esgeri bilen 15-nji iýulda agdarlyşyk synanşygyna garşy demokratiýa göreşiniň ähli gahrymanlaryny asla ýatdan çykarmajakdygyny nygtandygy mälim edilýär.

“Hürriýet” gazeti “Adatdan daşary ýagdaý halk üçin däl, döwlet üçin yglan edildi” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Türk ýaragly güýçleriniň düzümindäki ýaragly hunta topary tarapyndan guralan agdarlyşyk synanşygyndan soň yglan edilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni barada “Döwlet millete däl, özüne adatdan daşary ýagdaý yglan etdi” diýen sözlerine ünsleri çekýär. Gazet Premýer ministr Binali Ýyldyrmyň raýatlaryň adaty durmuş şertlerine dowam etjekdigini, bu etapda diňe bökdelen döwlet ulgamynyň abatlanjakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Bosforda demokratiýa ýörişi” söz başyly habarynda, Stambulda Milli ygtyýar platformasynyň guramagynda müňlerçe adamyň FETÖ-çin hyýanat ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyny protest etmek üçin “Başlan ýerinde” şygary bilen Üsküdardan Bosfor köprüsine çenli ýöriş geçirendigini, ýörişe gatnaşan raýatlaryň ellerinde türk baýdaklary bilen agdarlyşyk synanşygyny protest edendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Serkerdelerem nobatda” söz başyly habarynda, demokratiýa nobatynyň 6-njy gününde-de dowam edendigine ünsleri çekýär. Gazet demokratiýa nobatçylarynyň meýdanlara sygmaýandygyny, Erzinjan welaýatynda general maýor Baýraktaroglynyň, Agry welaýatynda general Ýaşar bilen ofiser Seliň, Zonguldakda bolsa maýor Tufanyň raýatlar bilen birlikde demokratiýa nobatyna gatnaşandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar