Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.07.2016

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

534232
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.07.2016

 “Haber Türk” gazeti “Asuda güýjüň 15-nji iýul ýeňişi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygynyň agyr şertlerinde liderligini görkezendigine ünsi çekýär.

Gazet Prezident Erdoganyň şol elhenç ýagdaýdan ýurdu asuda güýç bilen alyp çykmagy başarandygyny ýazýar.

Gazet Prezident Erdoganyň etabyň dowamynda parasatlylyk we asudalyk bilen egilşik etmezden etaby üstünlikli ýagdaýda gönükdirendigini nygtaýar.

Gazet ähli partiýalardan bolan ynsanlaryň hökümetiň şol gije diýseň agyr şertlerde tutanýerlilik bilen synanşygyň hötdesinden gelendigine aýratyn ünsi çekýändigini belleýär.

“Sabah” gazeti “Hiç kim başga tarapa çekmesin” söz başyly habarynda Adatdan daşary ýagdaýlaryň dünýäde birnäçe mysalynyň bardygyny, esasan hem terror guramasy Al Kaida we DAEŞ ýaly dünýäniň çar tarapynda terrorçylykly hüjümler guraýanlaryň ýüze çykmagy bilen Günbatarly ýurtlarda ýygy-ýygyndan yglan edilýändigini mälim edýär.

Gazet mysal üçin 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Parižde guralan terrorçylykly hüjümden soň Fransiýanyň hökümetiniň adatdan daşary ýagdaý yglan edendigini we şol kararyny 4-nji gezek uzadandygyny ýatladýar.

Gazet jemi 14 aý dowam etjek şol ýagdaýyň Fransiýanyň halkyny biynjalyk etmeýändigini belleýär.

“Star” gazeti Günbatarly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň FETÖ-nyň gan döküşikli harby agdarlyşyk synanşygy bilen Türkiýäniň demokratiýasyna howp salmagyna ünsiz çemeleşýändigini we synaşygy ähmiýetsiz ýaly görkezmäge çalyşýandygyny ýazýar.

Gazet 15-nji iýulda FETÖ tarapyndan guralan harby agdarşyşyk synanşygynyň netijesiz bolmagyndan soň Günbatarly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wakanyň başdan geçirlen gijesindäki çaknyşyk habarlaryna we şehitler hakyndaky habarlar ýer bermändigini aýratyn belleýär.

“Watan” gazeti “Fitch; türk banklary çydamly” söz başyly habarynda Halkara kredit derejelendiriş guramasy Fitchiň ýolbaşçylaryndan Jeýmes Watsonyň harby agdarlyşyk synanşygyna garamazdan türk banklarynyň çydamlydygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.



Degişli Habarlar