Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny 18.07.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýa

531798
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny 18.07.2016

Haber Türk gazeti: “Meýdançalardan aýrylmaň” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygynda ýogalan Türkiýäniň Prezidentiniň Baş maslahatçysy Mustafa Warankyň dogany Prof. Dr. Ilhan Warankyň we infarkt sebäpli ýogalan ozalky deputat Prof. Dr. Newzat Ýalçyntaşyň jynazasyna gatnaşandygyny mälim edýär. Gazet Erdoganyň jynaza namazyndan soň eden çykyşynda: “Fetullahçy terror guramasynyň eden hereketleri milletiň ygtyýary bilen duw-dagyn edildi. Iň gowy gaýtargyny meniň eziz milletim berdi. Gowşamaly däl” diýendigini we adamlara meýadanlardan aýrylmzlyklary barada çagyryş berendigini belleýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Demokratiýa nobaty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 81 welaýatynda adamlaryň Fetullahçy terror guramasyna agzalaryň etmek islän harby agdarlyşyk synanyşygyna garşy demokratiýa nobatyny tutmaklaryny düýn gije hem dowam etdirendigini habar berýär. Gazet Prezident Erdoganyň meýdanlara gelmekleri baradaky çagyryşyna gulak salan adamlaryň gijäni meýdançalarda we köçelerde geçirendigini nygtaýar.

Watan gazeti: “Tiz ýagdaýda saplaýyş işleri geçiriler” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň 15-nji iýulda harby agdarlyşyk synanyşygynda nyşana alynan TRT Baş müdürligine baryp görendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Wise-premýer Numan Kurtulmuş bilen bilelikde TRT-niň işgärlerine geçdigi bolsun diýen Premýer ministr Ýyldyrymyň TRT-niň studiolaryna aýlanandygyny beýan edýär. Habarda TRT baranyndan soň beýanat beren Binaly Ýyldyrymyň harby agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşanlaryň derbi-dagyn bolandygyny belläp: “Emma işimiz entek gutarmady. Mundan soň tiz ýagdaýda saplaýyş işleri geçiriler” diýendigine ünsi çekilýär.

Star gazeti: “Dönükler hasabyny berer” söz başyly habarynda, harby agdarlyşyk synanşygy bilen baglanşykly beýanat beren Baş ştabyň dönükleriň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini nygtap, synanşygyň öňüniň alynmagynda iň uly tagallanyň türk milletiniň edendigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Baş ştabyň beýanatda harby agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşanlara iň agyr jezanyň beriljekdigini aýdandygyny belleýär.

Sabah gazeti: “Bu aýdym Türkiýede ýogalan ähli adamlaryň ýagty ýädygärligine” söz başyly habarynda, harby agdarlyşyk synanyşygyna garşy halkara arenada hem nägilelikler bildirilendigini habar berýär. Gazet amerikaly meşhur aýdymçy Beýonsyň Amsterdamdaky konserdinde “Halo” aýdymyny ýerine ýetirmeden ozal adamlara ýüzlenip: “Bu aýdym Türkiýede ýogalan ähli adamlaryň ýagty ýädygärligine bagyşlaýaryn” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Beýonseniň konserdine baran adamlaryň arasynda Galatasaraý futbol toparynda oýnaýan gollandiýaly meşhur futbolçy Wesleý Şnaýderiň aýaly Ýolante Kabaunyň hem bardygyny nygtaýar. Habarda Kabaunyň özüniň Instagram hasabyndan: “Gijäniň iň gowy ýatlamasy. Türkiýede ýogalan adamlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlanan aýdym Sag bolsun Beýonse” diýendigi beýan edilýär.



Degişli Habarlar