Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny 14.07.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

529238
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny 14.07.2016

Star gazeti: “Günbatar terror guramasynyň eden gyrgynçylyklarynyň suratlaryny hem sergilesin” söz başyly habarynda, asuda ilaty öldürýän PKK-ly terrorçylaryň propogandasyny edýän iki ýüzli Ýewropa bildirilýän reaksiýalaryň barha artýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “Meň terrorçym gowy” diýen Ýewropa Parlamendiniň bu pozisiýasy bilen garry, ýaş, çaga diýip tapawut goýman Türkiýede bigünä adamlary öldürýän terror guramasy PKK-a berýän goldawynyň aýan bolandygyny belleýär. Habarda Ýewropanyň bu pozisiýasy bilen ýüzlerçe bigünä adamy öldüren terror guramasynyň Ankaranyň Güwenpark, Merasim köçesi we Stambulyň Weznejiler diýilen ýerlerinde guralan hüjümlere eýe çykandygyny görkezýändigi mälim edilýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Uçarlaryň ýolagçysy 6 aýda 80 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, howa ýollarynyň ýolagçy sanynyň iýun aýynda 14,7 million adam bolandygyny, ýylyň ilkinji 6 aýynda bolsa howa ýollary bilen syýahat eden ýolagçylaryň sanynyň bolsa 80,6 million adama ýetendigini habar berýär. Gazet iýun aýynda howa ýollaryna gonan we uçan uçarlaryň sanynyň ýurduň öz içindäki uçar gatnawlarynda 79 müň 451 uçara, daşary ýurt uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýän 50 müň 144 uçara ýetendigini belleýär. Gazet şol döwürde Türkiýäniň üsti bilen uçarlaryň sanynyň 32 müň 995 uçar bolandygyny we jemi 162 müň 590 uçara hyzmat berilendigini nygtaýar.

Watan gazeti: “Hytaýly ZTE-niň ykjam telefonlaryny Türk Atmaja kärhanasy öndürer” söz başyly habarynda, Sunny markasy bilen özüni tanadan we telewizorlardan ykjam telefonlara çenli ençeme tehnologik önümleri öndürýän Atmaja Elektronik kärhanasynyň Hytaýyň ZTE kärhanasy üçin ykjam telefonlary öndürjekdigini mälim edýär. Gazet şu ýylyň ilkinji 6 aýynda 3,4 milliard dollarlyk pul dolanşygyny ýerine ýetiren ZTE-niň AXON we Blade görnüşli telefonlary öndürýändigini beýan edýär. Habarda Atmaja kärhanasynyň dünýäniň iň köp ykjam telefon öndürýän kärhanalarynyň biri bolan ZTE-niň käbir görnüşlerini Stambuldaky fabrikasynda öndürjekdigine ünse çekilýär.  

Sabah gazet: “Patyşalaryň goşgulary okyjylara hödürlendi” söz başyly habarynda, Stambul şäher häkimliginiň Osmanly döwletiniň goşgy ýazan Patyşalarynyň eserlerini “Köşkden Şygarlar” atly kitaby çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet merhum taryhçy Wahid Çabuk tarapyndan ýazylmaga başlanan kitapda sopyçylyk, ynanç, rowaýat we söýgi mowzuklarynda goşgularyň bardygyny belleýär.

Haber Türk gazeti: “Stambulda çagalar üçin jaz” söz başyly habarynda, XXIII Stambul Jaz festiwalynyň şu ýylky programasynda çagalar üçin ýörite bölümleriň aýrylandygyny habar berýär. Gazet çagalaryň 16-njy iýulda geçiriljek konsertde hoş wagt geçirjekdiklerini nygtaýar. Habarda şol gün 12 ýaşly ýaş pianist Hakan Başaryň hem çykyş etjekdigi we konserde gatnaşjaklaryň petekleri rezervasyon@iksv.org internet adresine mail ugradyp alyp biljekdikleri beýan edilýär.



Degişli Habarlar