Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.07.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

522246
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.07.2016

“Watan” gazeti “Terrorçylyga garşy göreşde sizi goldaýarys” söz başyly habarynda, ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy Gollandiýanyň Daşary işler ministri Bert Koendersiň terrorçylyga garşy göreşde türk halkyny goldaýandyklaryny aýdandygyny ýazýar. Gazet Koendersiň Stambulda guralan hüjüme meňzeş hüjümiň Brýusselde we Parižde-de guralandygyny ýatladyp: “Şunça bigünä adamyň gurban bolan terrorçylykly hüjüminde türk halky bilen ýürekden arkalaşýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Howa menziliniň binasynyň daşynda howpsyzlyk çadyry gurular” söz başyly habarynda, Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde guralan terrorçylykly hüjümden soň howa menzilinde, wokzallarda we uly awtobus terminallary ýaly gelim-gidimli ýerlerde täze howpsyzlyk meýilnamasynyň durmuşa geçiriljekdigini mälim edýär. Habarda Premýer ministr Binali Ýyldyrym tarapyndan beýan edilen täze howpsyzlyk modeline görä: Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzili ýaly özboluşly we gelim-gidimli howa menzilleri üçin ýörite howpsyzlyk topary iş alyp barar. Howa menziliniň daşynda bolsa Brýusselde bolşy ýaly ulaglar we ýolagçylar üçin ýörite barlag nokady dörediler.

“Sabah” gazeti “Türkiýe daşarky gatnaşyklaryň netijesinde ösdi” söz başyly habarynda, ÝB-niň ozalky başlygy Romano Prodiniň ykdysady geňeşçisi, Brýussel uniwersitetiniň ykdysadyýet professory Andre Sapiriň türk ykdysadyýetiniň orta möhletde ösýändigini nygtap: “Türkiýe birnäçe gezek gowy we agyr şertlerden geçdi. Emma möhüm özgertmeleri durmuşa geçirdi. Olar soňky 10 ýylyn dowamynda Türkiýäniň içerki we daşarky bazarda ösmegine goşant goşdy” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “TİKA Owganystana berýän kömegini dowam etdirýär” söz başyly habarynda, Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TİKA-nyň Owganystanda kömege mätäç adamlara oraza bukjasyny paýlandygyny mälim edýär. Un, tüwi, ýag, tomat, makaron, nohut, duz we şeker ýaly azyk önümlerinden ybarat kömek bukjalarynyň Mazary Şerif şäherindäki ýoksul maşgalalara paýlanandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Star” gazeti “Oskar Jeýlany emin agzalyga çagyrdy” söz başyly habarynda, akýagyzlary ýekirip, garaýagyzlara orun berýändigi sebäpli tankyt edilýän Oskar akademiýasynyň 59 ýurtdan 683 agzany seljeriş toparyna çagyrandygyny, çakylyk alanlaryň hatarynda Nuri Bilge Jeýlan bilen birlikde üç sany türk sungat işgäriniň bardygyny ýazýar.



Degişli Habarlar