Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.06.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

519889
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.06.2016

Watan gazeti: “Gaza ilkinji gämi anna güni barar” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Ysraýylyň 6 ýyl soň ýaraşandyklaryny mälim edýär. Gazet AFAD-yň ýolbaşçylygyndaky Leýla Hanym ýük gämisiniň anna güni Mersiniň deňiz menzilinden ýola çykyp, Ysraýylyň Aşdot portyna barjakdygyny belleýär. Habarda gämide baýramçylykda palestinaly çagalara beriljek 10 müň sany oýunjak bilen birlikde, un, bürünç we 3 müň tonna şekeriň bardygy ýazylýar.

Sabah gazeti: “Milliardlarça dollarlyk taslamalar durmuşa geçirilmäge başlanar” söz başyly habarynda, Ysraýyl bilen ýola goýulan gatnaşyklardan soň energetika, goranyş we gurluşyk pudaklaryndakaky taslamalaryň durmuşa geçirilmäge başlanjakdygyny habar berýär. Gazet Ysraýylyň tebigy gazy bilen gyzyklanýan kärhanalaryň biržadaky gymmat bahaly kagyzlarynyň hümmediniň ýokarlandygyny nygtaýar. Gazet Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmaga başlamagy bilen Ortaýer deňiziniň gündogaryndaky tebigy gazyň Türkiýeden Ýewropa ugradylmaga başlanjakdygyna ünsi çekýär. Habarda gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen gurluşyk, syýahatçylyk we goranyş pudaklaryndaky taslamalaryň hem ýola goýulmaga başlanjakdygy beýan edilýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Dünýäniň iň jomart ýurdy Türkiýe” söz başyly habarynda, dünýäde her ýyl berilýän ynsanperwer goldawlaryň kartasyny çyzýan Galkynyş insiatiwasy guramasynyň Global ynsanperwer goldaw hasabatyny çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň 2015-nji ýylda milli girdejisiniň 0,37 göterimini ynsanperwer kömek üçin aýyrandygyny we ýene-de bir gezek Dünýäniň iň jomart ýurdy hökmünde saýlanandygyny belleýär. Gazet Türkiýäniň 2014-nji ýylda beren ynsanpewer goldawynyň 1,6 milliard dollar bolan bolsa, 2015-nji ýylda şol mukdaryň 2 esse köpelip 3,2 milliard dollara ýetendigini nygtaýar. Habarda Türkiýäniň geçen ýyl beren 3,2 milliard dollarlyk ynsanperwer goldawynyň, bütin dünýäde berilen ynsanperwer goldawyň 11 göterimine deň bolandygy aýdylýar.

Hürriýet gazeti: “Aýşem Ertopuz iň täsirli zenanlar sanawynda” söz başyly habarynda, tehnologiýa we telekomunikasiýa dünýäsiniň iň täsirli we iň güýçli zenanlaryň atlaryny belleýän Global Telecoms Business žurnalynyň Iň täsirli 50 zenany sanawyny çap edendigini mälim edýär. Gazet sanawda Turkcell kärhanasynyň Strategik müdüri Aýşem Ertopuzyň bardygyny, Ertopuzyň dünýäniň tehnologiýa we telekomunikasiýa pudaklarynyň iň täsirli 50 zenany sanawynda ýer alýandygyny ýazýar.

Haber Türk gazeti: “Türk hirurga Ýewropadan sylag” söz başyly habarynda, Metabolizm hirurgiýasy gaznasynyň başlygy Dos.Dr Alper Çelikiň Türkiýedäki diýabet keseliniň hirurgiýa ýollary bilen bejergi etmegindäki üstünlikleri sebäpli Ýewropa Endokrinologiýa geňeşi tarapyndan Ýaş alym sylagyna laýyk görülendigini habar berýär.



Degişli Habarlar