Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.06.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

519139
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.06.2016

Haber Türk gazeti: “Ysraýyl ähli şertleri kabul etdi, ylalaşygyň maddalary şulardan ybarat” söz başyly habarynda, ylalaşyga görä Ysraýylyň Gaza ynsanperwer goldaw alyp barýan, Halkara suw giňişligindäki Mawi Marmara gämisinde şehit bolan 9 aktiwistiň maşgalalaryna jerime tölejekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň Gaza ynsanperwer kömek ugradyp biljekdigini, 200 adamlyk hassahana gurjakdygyny, Gaza iberilýän elektrik togunyň we suwuň mukdarynyň artdyryljakdygyny belleýär. Habarda Günbatar Şeriada Jenin senagat zolagy ýaly taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigi ýazylýar.

Ýeni Şafak gazeti: “Günbatar ýurtlary tarapyndan goldanýan PKK-nyň neşe maddalaryndan alýan girdejisi ýylda 1,5 milliard dollar” söz başyly habarynda, terror guramasy PKK-nyň kenep öndürjiliginden we söwdasyndan ýylda 500 million lira, neşe maddalaryndan bolsa ýylda 1,5 milliard dollar girdeji alýandygyny mälim edýär. Gazet Içeri işler ministrligi tarapyndan taýarlanýan hasabatda neşe maddalarynyň söwdasynyň PKK-nyň esasy girdejisidigi ýazylandygy nygtalýar. Habarda köp sandaky halkara gurama tarapyndan taýarlanýan hasabatda PKK-nyň narkoterror guramadygy bellenýär.

Watan gazeti: “Türkiýä boş söz aýtman saýlaw geçirip bilmeýärler” söz başyly habarynda, Adalat ministri Bekir Bozdagyň Ýewropaly liderleriň Türkiýä garşy aýdan sözlerine reaksiýa bildirip: “Britaniýada referendum geçirildi, gün tertiplerinde Türkiýe bar. Germaniýada saýlawlar geçirildi gün tertiplerinde Türkiýe bar. Fransiýada saýlawlar geçirilse gün tertibinde Türkiýe bolýar. Gollandiýada we Awstriýada saýlawlar geçirilýär gün tertiplerinde Türkiýe bar. Siz Türkiýäniň parlamendiniň deputatlaryny saýlamaýarsyňyz. Türkiýäniň hökümetini hem saýlamaýarsyňyz. Näme üçin saýlawlaryňyzy Türkiýesiz geçirip bilmeýarsiňiz? Türkiýä garşy boş sözler aýdyp saýlawlaryňyzy geçirip bilmeýärsiňiz? Ine şu Türkiýäniň güýjini görkezýär” diýendigini habar berýär.

Star gazeti: “Germaniýada asly türk bolanlar partiýa gurýar” söz başyly habarynda, işewür adam Remzi Aru tarapyndan täze guruljak partiýanyň adynyň “Nemes demokratlar bileleşigi” boljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Berlinde partiýanyň programasyny mälim eden Arunyň partiýanyň şygarynyň “Bölmek däl şekil bermek” diýip belländiklerini beýan edýär.  Habarda Arunyň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek umumy saýlawlara partiýa hökmünde gatnaşmagy maksat edinýändiklerini aýdandygy nygtalýar.

Sabah gazeti: “Gatlakly ýalan Brexiti getirdi” söz başyly habarynda, Brtitaniýada ÝB-den çykmak isleýänleriň iň uly kozyry bolan “ÝB bizden hepdede 350 million sterling alýar” şygarynyň dogry däldiginiň ýüze çykandygyny mälim edýär. Gazet kampaniýanyň metbugat geňeşçisi Nigel Farageniň: “Bu şygar ýalňyşdy” diýendigini, Brtitaniýanyň hepdelik goşandynyň 163 million sterlingdigini beýan edýär. Habarda beýleki tarapdan referendumyň ýaňadandan geçirilmegi üçin başladylan kampaniýa agza bolanlaryň sanynyň 3 milliondan hem geçendigi bellenýär.



Degişli Habarlar