Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.06.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

515230
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.06.2016

Ýeni Şafak gazeti: “Kartaly brifing” söz başyly habarynda, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň Prezident R.T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Prezident kompleksinde geçirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar başda bolmak bilen degişli serkerdeleriň we howpsyzlyk güýçleriniň ýolbaşçylarynyň terrora garşy göreş babatynda döwlet ýolbaşçylaryna maglumat berendigini belleýär. Gazet harby ýolbaşçylaryň terrora garşy göreşi kartalaryň üsti bilen düşündirendigini beýan edýär.

Watan gazeti: “Putin gara almazyny satýar” söz başyly habarynda, Russiýa Federasiýasynyň ykdysady çykgynsyzlyklaryň hötdesinden gelmek üçin iň gymmat kärhanalarynyň biri bolan Rosnefti satmaga taýarlanýandygyny mälim edýär. Gazet Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň merkezi Moskwada ýerleşýän nebit kärhanasy Rosneftiň 19,5 göterim aksiýalaryny satmak üçin Hytaý we Hindistan bilen gepleşikler geçirýändigini nygtaýar.

Sabah gazeti: “Merkel: Sanksiýalaryň aýrylmagy Minske bagly” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň Ýewropanyň Russiýa garşy goýan sanksiýalaryň ortadan aýrylmagynyň resmi Moskwanyň Ukraina bilen dowam edýän dartgynlykda Minsk ylalaşygynyň ýola goýulmagy bilen aýryljakdygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet Merkeliň metbugat geňeşçisi Steffen Seibertiň: “Sanksiýalar Russiýanyň öňünde goýulan wezipeleri dolulygyna ýerine ýetirilen halatynda aýrylar” diýendigine ünsi çekýär.

Haber Türk gazedi: “Obama Linkedln-de iş gözlär” söz başyly habarynda, noýabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryndan soň 2017-nji ýylyň başynda wezipesini tabşyrjak ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň: “Men takmynan 7 aý soň iş gözläp başlaryn we şol sebäpli bagtly. Linkedln hasaby açaryn we öňüme nämeleriň çykjakdygyny görerin” diýendigini mälim eýär.

Hürriýet gazeti: “Ani ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna dalaşgär” söz başyly habarynda, 5 müň ýyllyk taryhy bolan gadymy Ani harabaçylygynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna alynmagy üçin Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň herekete geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ministrligiň ÝUNESKO hödürlemek üçin 2 günüň dowamynda taryhy Aniniň weideosyny almak üçin Kars welaýatyna 5 adamdan ybarat topary ugradandygyny belleýär. Habarda alynan wideonyň dokumental film görnüşine öwrüleninden soň Fransiýada ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlenjekdigi ýazylýar.



Degişli Habarlar