Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.06.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

514507
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.06.2016

Ýeni Şafak gazeti: “14 welaýata ýarag gömüldi” söz başyly habarynda, Ankarada, Denizlide we Adanada howpsyzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilen terror guramasy PKK-nyň 3 ýolbaşçysynyň çözgüt etabyny pursat bilip çaknyşyklary Türkiýäniň ähli ýerine ýaýratmak üçin nähili derejede işleri edendiklerini ähli jikme-jikligi bilen aýdyp berendiklerini belleýär. Gazet şoňa laýyklykda terror guramasynyň daşary ýurtdaky harby bazalarynda ýörite ýetişdirilen 287 terrorçynyň Türkiýäniň esasan hem günbatar welaýatlaryna iberip, ol ýerlerde razwedka geçirdendigini aýdandyklaryny mälim edýär. Habarda PKK-nyň häzirki wagta çenli 14 welaýatda ýarag we ok-däri gömendigi anyklanandygy ýazylýar.

Watan gazeti: “Türkiýe iň gowsyny edýär, siz hem ediň” söz başyly habarynda, Siriýadaky içerki söweş sebäpli bosgunlara gapysyny açan we kömek beren Türkiýäniň Bütindünýä Bosgunlar güni mynasybetli halkara jemgyýetçiligine çagyryş berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda Türkiýäniň 2011-nji ýyldan bäri ýurduny terk eden 2,7 milliondan gowrak siriýaly bosguna gapysyny açandygyny we yrakly we owganystanly bosgunlar bilen bilelikde ýurtdaky bosgunlaryň sanynyň 3 milliona golaýlandygyny nygtaýar.

Hürriýet gazeti: “Italiýan Pirelli Türkiýäni 128 ýurduň merkezi ýagdaýyna getirdi we başlyklygyna Murat Akýyldyzy belledi” söz başyly habarynda, Italiýanyň şina ägirdi Pirelliniň global satuwlaryň 50 göterimini ýerine ýetirýän Pirelli senagat şinalary bölümini Türkiýä geçirendigini habar berýär. Gazet 128 ýurdy öz içine alýan merkeziň Stambulda boljakdygyny, Ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlyklygyna bolsa Murat Akýyldyzyň bellenendigine ünsi çekýär. Habarda Pirelli kärhanasynyň 4 ýolbaşçysynyň biri bolan Akýyldyzyň şol sebäpli Türkiýäniň rolunyň artjakdygyny aýdandygy beýan edilýär.

Haber Türk gazeti: “Fransiýa protestleriň gadagançylygy barada jedelleşýär” söz başyly habarynda, Fransiýada täze zähmet kanunyna garşy protestleriň dowam edýändigini, hökümetiň başyndaky Sosialist partiýanyň ýolbaşçylarynyň protestlere we demonstrasiýalara gadagançylyk getirmegi gün tertibe getirendiklerini aýdandyklaryny mälim edýär. Gazet Prezident Fransua Ollandyň we Premýer ministr Manuel Wallsyň beýanatlaryndan soň ýurduň iň uly kärdeşler arkalaşygynyň biri bolan Umumy zähmet konfederasiýasynyň başlygy Philippe Martineziň kanuna garşy 23-nji we 28-nji iýunda protest geçirjekdiklerini aýdandygyny belleýär.

Sabah gazeti: “Baýlygy ýitdi” söz başyly habarynda, Liwiýanyň 42 ýyl başynda bolan Muammer Kaddafiniň baýlygy baradaky jedelleşikleriň dowam edýändigini habar berýär. Gazet Fransiýanyň Le Monde gazediniň Kaddafiniň Günorta Afrikada, ABŞ-da, Italiýada, Şweýsariýada we Britaniýada saklan pullarynyň 400 million dollara ýetýändigini ýazandygyny nygtaýar. Gazet emma Halkara guramalar tarapyndan goldanýan Liwiýanyň Birlik hökümetiniň we liwiýalylaryň şol pullaryň özlerine gaýdyp beriljekdigine ynanmaýandyklaryny beýan edýär.



Degişli Habarlar