Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

498840
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.05.2016

“Star” gazeti: “Milli howpsyzlyk geňeşinden 4 ýüzlenme” söz başyly habarynda, düýn Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilen Milli howpsyzlyk geňeşinde 4 ýüzlenme berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet olaryň: Asudalyga howp salýan PKK we milli howpsyzlyga howp salýan paralel döwlet gurluşyna garşy göreş dowam eder. Boýun egmekden başga çäresi bolmaýan terror guramasynyň sebitiň ýaşaýjylarynyň wekili bolmaz. Terror guramasy ÝPG-niň Ýewropanyň paýtagt şäherilerinde wekilhana açmagy dostlukly gatnaşyklara bap gelmeýär. Howpsyz zolak hökmany.

“Haber Türk” gazeti: “Hendekleriň derbi-dagyn edilmegi” söz başyly habarynda, terror guramasynyň “Hendekli özbaşdaklyk” hyýalynyň Sur, Jizre, Ýüksekowa, Silopi etraplary başda bolmak bilen 10-dan gowrak etrapda operasiýalar arkaly derbi-dagyn edilendigini mälim edýär. Gazet soňky gezek bolsa Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda soňky 2 günde 67 terrorçynyň howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigini belleýär. Habarda howpsyzlyk güýçleriniň sabyr bilen dowam etdirýän operasiýalary arkaly PKK-nyň şäherlerdäki gurluşyna berk zarba urulandygy ýazylýar. Gazet guramanyň ýolbaşçylarynyň yza çekiliň buýrugy berendigini nygtaýar.

“Sabah” gazeti: “Täze howa menzili bilen birlikde ägirt uly sergi merkezi gurular” söz başyly habarynda, gurulyp tamamlanan wagty dünýäniň iň uly howa menzili boljak Stambulyň täze howa menziline ençeme täze maýa goýumlar goýulmaga başlanandygyny habar berýär. Gazet Stambulyň Söwda palatasynyň 76 million inedördül metr meýdanda guruljak täze howa menziliniň golaýynda ägirt uly sergi merkeziniň hem guruljakdygyny beýan edýär. Habarda Stambulyň şäher häkimligi bilen aragatnaşyga geçen Söwda palatasynyň 500 müň inedördül metr ýerde sergi merkezini gurmagy meýilleşdirýändigi aýdylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Daşary ýurtlylar hem satyn alyjy hem-de potratçy boldylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň gurluşyk pudagynyň günüden maýa goýumdaky ösüşini bu ýyl hem görkezendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ençeme pudaga garanyňda daşary ýurtlylaryň goýýan maýasynyň barha artýan pudagyň şu ýylyň ilkinji 3 aýynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin türk kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk edilip alynan girdejiniň mukdarynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 60 göterim artyp 86 million liradan 135 million lira çenli ýokarlandygyny nygtaýar. Habarda şol döwürde gozgalmaýan emläk satyn almakdan alynan girdejiniň hem 40 göterim artyp, 3 milliard liradan hem geçendigi ýazylýar.

“Hürriýet” gazeti: “Alty sylag birden” söz başyly habarynda, Nebi Birginiň Bolgariýanyň Warna şäherinde geçirilen Discovery festiwalynda ençeme sylaga mynasyp bolandygyny mälim edýär. Gazet 25-nji gezek geçirilýän we 13 ýurduň gatnaşmagynda guralan festiwalda Birginiň Türkiýä "Lonely Nights, Lonely Dreams" aýdymlary bilen wekilçilik edendigini beýan edýär. Habarda Türkiýäniň “Iň gowy erkek sesi”, “Iň gowy ballada”, “Iň gowy aýdymyň sözleri”, “Iň gowy aýdym eminleriň ýörite sylagy”, “Iň gowy çeper obraz” we “Iň gowy Halkara ukyplylyk” sylaglaryna laýyk görülendigini habar berýär.


Etiketkalar: #Star , #gazet , #ukyp , #iň gowy , #sylag , #terror , #wekil

Degişli Habarlar