Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

496096
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.05.2016

“Sabah” gazeti “Biz biçäre däl, çäre bizin özümiz” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň “Sabah” gazeti üçin ýazan makalasyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Erdoganyň: “Dünýäde başdan geçirilýän meselelerin esasy bölegi maddi şertleriň ýetmezçiligi sebäpli däl, merhemet we empatiýa ýetmejçiligi sebäpli. Global wyždan herekete geçirilmeli. Türkiýe taryh boýy uruşlardan, sürgünden, zulumdan gaçanlar üçin elmydama howpsyz ýurt boldy. Şu günki günde Türkiýe 5 kontinentde 140-dan gowrak ýurda beren 6,4 milliard dollarlyk kömegi bilen milli girdejisine görä dünýäniň iň jomart ýurdy” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Adamkärçiligiň ünji “Stambul maslahatynda” söz başyly habarynda, Stambulyň şu gün Bütindünýä Ynsanperwer Maslahatyna ýer eýeçiligini edýändigini, 120 ýurtdan 60 lideriň gatnaşmagyndaky maslahatda kömege mätäç 130 million adamyň meselelerine çözgüt ýollarynyň gözlenjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet BMG-niň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän Bütindünýä Ynsanperwer Maslahatyna Prezident R.T.Erdogan bilen BMG-niň baş Sekretary Pan Gi Munuň ýolbaşçylyk etjekdigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýedäki saglyk ulgamy ABŞ-da ýok” söz başyly habarynda, öýjüklerin zaýalanan DNK-alary nähili bejerýändigini we genetiki düzümini goraýandygyny kesgitlän ylmy barlaglarynyň netijesinde 2015-nji ýylda Nobeliň himiýa baýragyna laýyk görülen meşhur türk alymy Professor Aziz Sanjaryň Türkiýedäki saglyk ulgamynyň köp sanly ýurtdan öňdedigini nygtap: “Türkiýede saglygyňy bejertmek hem elýeterli hem çalt” diýen sözlerini çap edýär. ABŞ-daky saglygy saklaýyş hyzmatlary barada-da durup geçen Sanjaryň “Türkiýedäki çalt, ýokary hili we elýeterli saglyk ulgamy ABŞ-da ýok. Ol ýerde bejergem, dermanam gymmat. İň baý ýurt ABŞ şeýle ulgamyň bolmazlygy gynandyryjy we muny olaryň özem kabul edýär” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Stambulda ýahta gezelençleri indi has elýeterli” söz başyly habarynda, ýahta syýahatçylygyna bolan islegiň günsaýyn artýandygyny, ozal dine baýlar üçin niýetlenen ýahtalara orta girdejileriň hem gyzyklanma görkezmäge başlandygyny, ýüze çykan bäsleşigiň netijesinde syýahat etmegi halaýanlara ýeňillikler döredendigini, Bosfor bogazynda indi elýeterlik bahadan ýahta tutmagyň mümkindigini mälim edýär.

 



Degişli Habarlar