Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar dündelik gazetlerde giň beýan tapýa

494451
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.05.2016

“Sabah” gazeti: “Baýdak 22 ýyllyk dostuna” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň wekilleriniň partiýanyň başlyklygyna we Premýer ministrlik wezipesine 1994-nji ýyldan bäri Prezident Erdogan bilen bilelikde işlän Binaly Ýyldyrymy dalaşgär hökmünde görkezendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäni galkynydyran taslamalarda işler alyp baran Ýyldyrymyň maslahatdan soň eden çykyşynda: “Esaslandyran başlygymyz, liderimiz başda bolmak bilen ähli ugurlardaky dostlarymyz bilen ylalaşykly işläris” diýendigini mälim edýär. Habarda ilkinji saparyny Diýarbakyra guran Ýyldyrymyň ol ýerde hem: “Doganlygymyzy bozmaga hiç kimiň güýji ýetmez. Watany bölmäge synanyşýanlar, asuda ilaty gyrýanlar jogabyny artykmajy bilen berer” diýendigi bellenýär.

“Star” gazeti: “Işewür dünýäden Ýyldyryma doly goldaw” söz başyly habarynda, Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Binaly Ýyldyrymyň Ak partiýanyň başlyklygyna dalaşgär görkezilmegine işewür dünýäsinden hem doly goldaw gelendigini habar berýär. Gazet Ýyldyrymyň ministr wezipesinde işlän wagty ýerine ýetiren işlerine ünsi çeken işewür dünýäsiniň wekilleriniň syýasy we ykdysady durnuklulygyň bundan beýläk hem dowam etjekdigini aýdandyklaryny nygtaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Stambul Ynsanperwer maslahatyna taýar” söz başyly habarynda, Türkiýede BMG-nyň taryhynda ilkinji gezek guraljak BMG Bütindünýä Ynsanperwer maslahatynyň geçiriljekdigini mälim edýär. Gazet maslahatyň geçiriljek ýeri bolan Stambul şäherinde giň-gerimli howpsyzlyk çäreleriniň görülendigini, ýokary derejeli maslahatda polisiýa gullugynyň 5 müň işgäriniň, bombany zyýansyzlandyrýan hünärmenleriň we dik uçarlaryň boljakdygyny beýan edýär. Habarda maslahat sebäpli 24-nji maýa çenli Stambuldaky käbir ýollaryň ýapyljakdygy ýazylýar.

“Haber Türk” gazeti: “Sanjar Nobel sylagyny Atatürke bagyş etdi” söz başyly habarynda, Prof. Dr. Aziz Sanjaryň 2015-nji ýylda alan Nobel Himiýa sylagynyň medalyny we şahadatnamasyny Prezident R.T. Erdogan bilen bilelikde gatnaşan dabarada Anytkabir serkerdeligine gowşurandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet  Sanjary Nobel Himiýa sylagyny almagy sebäpli hem öz adyndan hem-de milletiň adyndan gutlaýandygyny aýdan Erdoganyň: “Bu medalyň Anytkabirde sergilenmegi ýaşlarymyzyň geljeklerine niýetlenen alamat hökmünde görýärin we entek ençeme nobel sylaglarynyň alynmagynda bu hereket ýol kartasy boljakdyr. Köp sag bolsun aýdýaryn” diýendigine, Aziz Sanjaryň hem öz gezeginde: “Bu medaly bu ýere bermegim bilen Atatürke we Atatürkiň dostlaryna, Türkiýe Respublikasyny esaslandyranlara wepa borjumy berdim we bu pursaty maňa bereni üçin Alla şükür edýärin” diýendigine ünsi çekýär.

Hürriýet gazeti: “Türk filmleri Gollandiýada” söz başyly habarynda, gollandiýaly we türk kino muşdaklaryny jemlejek Kyrmyzy Lale film festiwalynyň 27-nji maýda Rotterdamda başlajakdygyny habar berýär. Gazet festiwalda 4-nji iýuna çenli döwrebap türk kinomotografiýasyndan saýlanan filmleriň, dokumental filmleriň we gysga metražly filmleriň görkeziljekdigini, şeýlede hem festiwalda panelleriň, surat sergileriniň, konsertleriň geçiriljekdigini belleýär.



Degişli Habarlar