Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar dündelik gazetlerde giň beýan tapýar

492329
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.05.2016

“Haber Türk” gazeti “Türkiýede konsert bermek isleýärin” söz başyly habarynda, sürgün edilen Krym tatarlarynyň başdan geçirenlerini gürrüň berýän “1944” atly aýdymy bilen Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde birinji bolan krymly Jamalanyň “Haber Türk” gazetine beren beýanatynda Prezident Erdoganyň özüne telefon edip gutlandygyny we Türkiýä çagyrandygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet ilkinji pursatda Türkiýä geljekdigini, Prezident R.T.Erdogan bilen duşuşjakdygyny aýdan Jamalanyň “Türkiýede konsert bermek isleýärin. Türkiýede tatarlara aýdym-aýtmak isleýärin. Olaryň başdan geçirenlerini dinlemek isleýärin” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “DAEŞ-e garşy goşun ABŞ-nyň PÝD bökdençiligine sezewar boldy” söz başyly habarynda, Siriýada terror guramasy DAEŞ-e garşy söweşmek üçin döredilmegi meýilleşdirilen uly goşunyň ABŞ-nyň terror guramasy PKK-niň Siriýadaky bölümi bolan PÝD baradaky syýasaty sebäpli bökdelendigini mälim edýär. Habarda ABŞ-nyň 20-den gowrak topar goldaw berýän goşunynyň hatarynda PÝD-niň hem orun almagyny islemegi netijesinde gepleşikleriň netijesiz galandygy nygtalýar. Gazet Halabyň demirgazygynda DAEŞ-e garşy söweşmek üçin 30 müň adamdan ybarat “Demirgazyk goşunynyň” döredilendigini, Siriýanyň goşunynyň hataryndan aýrylan oppozisiýadaky general maýoryň ýolbaşçylyk etmeginde döredilen goşuna 20-den gowrak ýaragly toparyň goldaw berjekdigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Düwüni THÝ çözdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň düwün nokady kabul edilýän Atlantada Türk Howaýollarynyň uçuş toruna goşulandygyny mälim edýär. Gazet THÝ-niň ýolagçy gatnawynda dünýäniň iň bir gelim-gidimli howa menzili hökmünde kabul edilýän Atlanta Harstield Jekson halkara howa menziline Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde gönüden uçuşlaryn başlandyğyny, dünýäde iň köp ýurda sapar guraýan global howa ýoly bolan THÝ-niň transfer merkezi Stambulyň üstaşyr 100-den gowrak ýurtda 300 nokada sapar guraýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Syýahatçylykda Eýran bilen bilelikde işleşiler” söz başyly habarynda, embargolardan halas bolan Eýran bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň ösýändigine üns çekilýär. Habarda Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mahir Ünalyň maýadarlar bilen birlikde Eýrana guran saparynyň netijesi barada beýanat berendigini ýazýar. Gazet Eýranyň syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegi we özara hyzmatdaşlyk boýunça netijeli gepleşikler geçirendiklerini aýdan Mahir Ünalyň, mundan ozal Gresiýa bilen şeýle taslamany durmuşa geçirendiklerini, Wan, Şanlyurfa we Tähran bilen bilelikde tanyşdyryş çäreleriniň geçiriljekdigini nygtap, “Syýahatçylar has giň destinasiýada hereket edip biler” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar