Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

491793
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.05.2016

“Ýeni Şafak” gazeti: “Ine şol ýaraglar” söz başyly habarynda, terror guramasy DAEŞ-iň, Asada bagly güýçleriň we Russiýanyň arasyndaky ýarag we ok-däri paýlanşygynyň subudynyň suratlaryň üsti bilen görkezilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet terror guramasy DAEŞ-iň Halapyň demirgazygyna ýarag we ok-däri üýşürendigini, Asada bagly güýçleriň ýaraglarynyň hiç hili päsgelçiliksiz terror guramasy tarapyndan ele salynandygyny mälim edýär. Habarda ýük ulaglaryna ýüklenen ýaraglaryň 200 km gowrak ýoly Asada bagly güýçleriň, Eýranyň, Russiýanyň we Halkara hyzmatdaş güýçleriniň gözüniň öňünden geçendigi, 48 sagat dowam eden ýolagçylykdan soň ýaraglaryň Halapyň demirgazygyna getirilendigi we şol ýaraglaryň we ok-därileriň howpsyz sebite garşy hüjümlerde ulanyljakdygy ýazylýar.

“Watan” gazeti: “Hytaýlylaryň ünsi Türkiýä gönükdi” söz başyly habarynda, Hytaýyň her ýyl 5 milliard dollar töweregi azyk we oba-hojalyk önümlerini import edýändigini we şolaryň bir bölegini bundan beýläk Türkiýeden almak isleýän hytaý kärhanalarynyň ýokary derejeli wekilleriniň Antalýada gepleşikler geçirýändigini habar berýär. Gazet hytaýdan gelen wekiliýetiň Türkiýeden çereşnýa, limon, nar, funduk, kakadylan injir, kakadylan erik, zeýtun, zeýtun ýagy, süýdüň poroşogy, bal we towuk ýaly önümleri satyn almak isleýändiklerini nygtaýar. Habarda hytaýly kärhanalaryň şol önümleri Türkiýeden import etmek üçin Günbatar Orta ýer deňizi eksportçylar bileleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirendigi aýdylýar.

“Hürriýet” gazeti: “Türkiýe, Azerbaýjan we Gruziýa harby hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak ministrleriniň düýn Azerbaýjanyň Gebele şäherinde duşuşyp harby hyzmatdaşlygyň başlangyjyny alamatlandyrýan umumy beýannama gol çekendiklerini mälim edýär. Habarda Türkiýe-Azerbaýjan-Gruziýa Goranmak ministrleriniň üçtaraplaýyn 4-nji maslahatyndan soň beýanat beren Türkiýäniň Goranmak ministri Ismet Ýylmazyň Kawkazda Türkiýe, Azerbaýjan we Gruziýanyň arasynda gün saýyn artýan harby hyzmatdaşlygyň üç ýurduň umumy peýdasyna we tamasyna hyzmat berýän mehanizmadygyny aýdandygy beýan edilýär. Gazet Ýylmazyň Ermenistan-Azerbaýjan dartgynlygy we Daglyk Garabag meselesi bilen baglanşykly: “Ermenistan agressiýa, söweş we basyp alyjy syýasatyny dowam etdirmez. Agressiýa we basyp alyjy syýasty bilen hiç ýerde üstünlik gazanmaz” diýendigine ünsi çekýär.

“Sabah” gazeti: “68 ýyl soň umytlar entegem täze” söz başyly habarynda, Gazada köp sanda palestinalynyň Nekbeniň ýagny Uly pajyganyň 68 ýyllygy sebäpli ýöriş gurandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ýörişe gatnaşanlaryň “Hökman gaýdyp geleris” we “Göreş we birlik gaýdyp gelmäniň ýoludyr” ýazgyly şygarlary ýanlary bilen alyp gelendiklerini ýazýar. Habarda palestinalylaryň 1948-nji ýylyň 14-nji maýynda ysraýyllylaryň basyp alan topraklarynda garaşsyzlyklaryny yglan etmegi we palestinalylary sürgüne ugratmagy sebäpli her ýylyň 15-nji maýynda Uly pajyga hökmünde ýatlap geçýändiklerini belleýär.

“Haber Türk” gazeti: “Kannyda terrorçylykly hüjüm howsalasy” söz başyly habarynda, dünýäniň meşhur aktýor we aktrisalarynyň gatnaşýan Kanny kino film festiwalynda internet kärhanalarynyň biriniň harby egin-eşikde we ýüzleri maskaly ýagdaýda tanyşdyrylyş kompaniýasyny geçirmegi uly howsala sebäp bolandygyny habar berýär. Gazet farnsuz internet kärhanasynyň tanyşdyrylmagy üçin ýüzleri maskaly we gara baýdak göteren 6 adamdan ybarat toparyň tanymal ýyldyzlaryň galýan myhmanhanasynyň kenarynda gaýykdan düşendigini, wakanyň bolsa howsala döredendigini nygtaýar.



Degişli Habarlar