Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

490125
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.05.2016

“Hürriýet” gazeti: “Türkiýe migrasiýanyň duzdurylmagynda esasy ýurt” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Premýer ministri Angela Merkeliň Türkiýe bilen baglaşylan bosgun ylalaşygynyň güýçden gaçmagyna rugsat berilmeli däldigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Merkeliň: “Türkiýäniň Ýewropa garşy bikanun migrasiýanyň öňüne geçilmeginde esasy ýurtdygyny görmediksirän bolmaly däldiris, şol sebäpli bular ýaly ylalaşyklara zerurlygymyz bar” diýendigini belleýär. Habarda Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda baglaşylan ylalaşykda Türkiýä bosgunlar üçin 6 milliard ýewro pul kömeginiň we türk raýatlara Ýewropa ýurtlaryna wizasyz syýahat edip bilmekleri etabynyň başladylmagy barada karara gelinendigi, emma berilen sözleriň hiç biriniň entege çenli ýerine ýetirilmändigi aýdylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Turkuazkart bilen Türk raýatlygy” söz başyly habarynda, Türkiýä iş güýjüni we maýa goýum çekmek maksady bilen taýarlanan Daşary ýurt zähmet kanun taslamasynyň mejlisdedigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet kanunyň kabul edilen halatynda Türkiýede işlemäge hukuk gazanan daşary ýurtly raýatlaryň göniden-göni ýaşamak üçin rugsatyň hem beriljekdigini nygtaýar. Habarda kanunyň iň wajyp maddasynyň bolsa Turkuazkart maddasynyň boljakdygy ýazylýar. Gazet Turkuazkartyň ABŞ-nyň Greenkardy ýaly boljakdygyny beýan edýär. Gazet kart berilen adamlaryň Türkiýäniň raýatlygyna geçmäge hukuk gazanjakdyklaryna ünsi çekýär.

“Watan” gazeti: “Ýylyň ahyrynda açylar” söz başyly habarynda, 2017-nji ýylyň 2-nji ýarymynda açylmagy meýilleşdirilen Ýewraziýa tuneliniň şondan 8 aý ozal ýagny şu ýylyň ahyrynda ulanylmaga beriljekdigini habar berýär. Gazet her gün 100 müň ulagyň deňiziň astyndan geçjek taslama üçin Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Binaly Ýyldyrymyň: “Bellenen wagtdan 8 aý ozal, 47 aý ýaly gysga wagtda ulanylmaga beriler. Marmaraýyň dogany boljak 14,6 km uzynlygyndaky Ýerwaziýa tuneliniň iň wajyp etaby bolan 3 müň 344 metrlik bogaz geçelgesi geçen ýyl tamamlandy. 1 milliard 245 million dollarlyk taslama bilen iki kenaryň arasynda 4 gara ýoly çekiler” diýendigini belleýär.

“Star” gazeti: “Dünýäniň iň owadan bazary” söz başyly habarynda, nemes-fransuz medeniýet telewideniýe kanaly Arte kanalynda Stefan Apple tarapyndan taýarlanan 45 minutlyk dokumental filmde Kapalyçarşynyň dünýäniň iň owadan bazary we söwda merkezi hökmünde tanyşdyryljakdygyny mälim edýär. Gazet 2015-nji ýylda alynan filmde Kapalyçarşynyň taryhy we häzirki güne çenli gelip ýeten syrlary, ykdysadyýete we syýahatçylaga goşýan goşandy barada durulyp geçiljekdigini nygtaýar. Habarda dokumental filmiň 30-njy maýda duşenbe güni sagat 16:10-da görkeziljekdigi aýdylýar.

“Haber Türk” gazeti: “Dür kefalleriň ýolagçylygy” söz başyly habarynda, dünýäde diňe Wan kölünde ýaşaýan we köpelmek üçin suwyň akýan tarapynyň tersine ýüzüp, sýji suwlara tarap ýolagçylyga çykýan dür kefalleriň syýahatlary başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Wan kölüniň duzly, sodaly suwunyň dür kefalleriň köpelmegine mümkinçilik bermeýänligi sebäpli balyklaryň ýaz paslynda suwuň temperaturasynyň 12-13 gradusa ýeten mahalynda derýalaryň akymynyň tersine tarap ýüzmäge başlaýandyklaryna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar