Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

489297
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.05.2016

“Hürriýet” gazeti “Serkerdäniň beýanaty: “PÝD-PKK terrorçy” söz başyly habarynda, Baş ştabyň başlygy, general Hulusi Akaryň Balkan ýurtlarynyň baş ştablarynyň başlyklarynyň 10-njy maslahatynyň açylyşynda sözlän sözünde: “PÝD/ÝPG, terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi hökmünde döredildi. Bu iki guramanyň biri-biri bolan gatnaşygy, hyzmatdaşlygy aç-açan ortada. Bu dünýäniň esasy bölegi tarapyndan we halkara guramalary tarapyndan ykrar edilýär. PKK bir tarapdan bigünä adamlary öldürýän bolsa, beýleki tarapdan-da halkara jemgyýetçiliginde legallyk almaga synanşýar” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Serhede mina goýýarlar” söz başyly hahabarynda, Baş ştabyň Ýörite güýçler serkerdeligine degişli ýörite güýçlerden ybarat bolan toparyň soňky günlerde serhetýakasyna guran operasiýalaryndan soň terror guramasy DAEŞ-iň gözegçilik edýän etrabynyň serhetýakasyna mina goýmaga başlandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýe tarapyndan guralmagy ähtimal operasiýa garşy Kilis welaýatynyň serhet tarapynda 50 kilometrlik giňişlige mina goýulandygyny, DAEŞ bilen terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-niň arasynda geçiş ýolunyň açylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Putiniň hakynatutma esgerleri Ukrainada” söz başyly habarynda, Russiýanyň Siriýada we Ukrainada Russiýada kanuny hukugy bolmadyk “hususy howpsyzlyk firmasy” arkaly hakunatutma esger ugradandygy barada habarlaryň ýaýradylandygyny ýazýar. Habarda Germaniýanyň “Die Welt” gazetine salgylandyrýan habarynda “Wagner” atly “hususy howpsyzlyk firmasynyň” hakynatutma esgerlerini Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçlerden soň Ukrainanyň Lugansk şäherinde Russiýanyň tarapdarlarynyň hatarynda söweşýändigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Star” gazeti “Türkiýe derman önümçiliginde merkeze öwrüler” söz başyly habarynda, iýun aýynyň 1-3-i aralygynda Stambulda geçiriljek Ýewraziýanyň Derman sergisine we maslahatyna dünýäniň 25-den gowrak ýurdundan 200-den gowrak firma bilen 40-dan gowrak ýurtdan 4500-e golaý myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny mälim edýär. Serginiň çäginde Türkiýede geçiriljek “Nazarda tutulýan ýurtlarda maýa goýum we iş mümkinçilikleri” temaly duşuşyklarda gatnaşyjylara bar bolan şertler we ýeňillikler hakynda giňden maglumat beriljekdigi nygtalýar.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň 70 göterimi kiçi maşgalalardan ybarat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň “Hasabatlara görä maşgala 2015” atly görkezijileri çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şol habarnama laýyklykda Türkiýäniň ene-ata we çagalardan ybarat kiçi maşgala görnüşine eýe bolmaga başlandygyny mälim edýär. Habarda Türkiýäniň ilat we maşgala gurluşynyň özboluşlyklary barada giňişleýin analiziň berilýändigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.



Degişli Habarlar