Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

487901
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.05.2016

“Sabah” gazeti: “Ägirt taslama manyly zyýarat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ösmegini islemeýän käbir töwerekleriň nyşanasyna öwrülen Stambuldaky dünýäniň iň uly howa menzili taslamasynyň gurluşygynyň ähli päsgelçiliklere garamazdan irginsiz dowam etdirilýändigini mälim edýär. Gazet Prezident R.T. Erdoganyň gurluşygynyň 20 göterimi tamamlanan  täze howa menziline baryp görendigini belleýär. Habarda Erdoganyň ol zyýaratynyň käbir töwreklere ýüzlenme bolandygy nygtalýar. Gazet tamamlanan wagty sygymy 150 million ýolagçy boljak dünýäniň iň uly howa menziliniň ilkinji etabynyň 2018-nji ýylyň fewral aýynda açylmagyna garaşylýandygyna ünsi çekýär.

“Watan” gazeti: “100 adamyň 75-si ÝB-ne girmegi goldaýar” söz başyly habarynda, Ykdysady galkynyş gaznasynyň başlygy Aýhan Zeýtinoglynyň türkleriň ÝB-na agzalygyna girmäge goldaw berýänleriň 75 göterime çenli ýokarlandygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet 2015-nji ýylda 61,8 göterim bolan goldawyň häzirki wagtda ýene-de 13 göterim ýokarlandygyny beýan edýär. Habarda goldaw berýänleriň 45,4 göterimi asudalygyň artjakdygyna, 35,8 göterimi Ýewropada syýahat etmegiň, ýaşamagyň we bilim almak mümükinçilikleriniň artjakdygyna, 33,8 göterim bolsa adam hukuklarynda özgerlişikleriň boljakdygyny ynanýandyklaryny aýdandyklary bellenýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Türkiýe ösmegini güýçli ýagdaýda dowam etdirer” söz başyly habarynda, Senagat önümçiliginiň ilkinji çärýekde 5,6 göterim artyp ösüşiň güýçli ýagdaýda galjakdygyny görkezendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ösüşiň iň uly görkezijileriniň biri bolan senagat önümçiliginiň eksporta esaslanýan pudaklaryň goldawy bilen mart aýynda 4,7 göterim ösendigini aýdýar. Habarda global bazarlardaky we sebitdäki negatiw wakalara garamazdan senagat önümçiliginiň ösmegi Türkiýe üçin wajyp bir başaranyk hökmünde häsýetlendirilýändigi nygtalýar.

“Star” gazeti: “Serhedi ýaragly uçarmansyz howa ulaglary gorar” söz başyly habarynda, Baş ştabyň başlygy Hulusi Akaryň barlaglary dowam edýän ýaragly uçarmasyz howa ulaglarynyň gorajakdygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet ýaragly uçarmasyz howa ulaglaryň esasan ýaramaz howa şertlerinde garaşylandan gowy netije berendigini ýazýar. Habarda şol babatda ABŞ-da öndürilen uçarmansyz howa ulaglaryny hem geçendigi beýan edilýär.

“Haber Türk” gazeti: “Uzunderede syýahatçylyk göçümi” söz başyly habarynda, bütin dünýäniň iň asuda şäherler sanawyna alynan Erzurum welaýatynyň Uzundere etrabynyň goýuljak täze maýa goýumlar bilen syýahatçylyk pudagynyň ösdüriljekdigini habar berýär. Gazet müňlerçy ýyllyk taryha we tebigy gözelliklere eýe bolan Uzundere etrabynyň Türkiýä gelýän daşary ýurtlylara we türk syýahatçylara alternatiw syýahatçylyk zolaklarynyň biri boljakdygyny ýazýar. Habarda Türkiýäniň iň uzyn şaglawugyna eýe bolan Uzunderäniň tebigy köl bolan Tortum kölüne we şol kölden emele gelen başgada 7 kölüň bardygyna ünsi çekilýär. Gazet gruzinler tarapyndan ynanç merkezi hökmünde kabul edilen Öşwank ybadathanasynyň hem gadymy galalardan we galyndylardan ybaratdygyny belleýär.



Degişli Habarlar