Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

486984
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.05.2016

“Hürriýet” gazeti “Ýewropada Erdoganyň wiza reaksiýasyna seslenmeler dowam edýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ÝB-niň wiza erkinliği üçin terrorçylyga garşy göreş kanunyna üýtgetme girizilmegi baradaky şertine garşy “Terrorçylykly hüjümler dowam edýärkä hiç zady üýtgetmeris. Siz öz ýoluňyza, biz öz ýolumyza” diýen sözlerine seslenmeleriň dowam edýändigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Terror guramasy PÝD üçin harby düzgün çykarylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD üçin hem harby düzgünleri ýerine ýetirmek üçin taýarlyk görýändigini mälim edýär. Habarda Afrin-de we Kobaniniň gabadyndaky depelere “Tupan gaubisalarynyň” ornaşdyrylandygy, Türkiýäniň çäklerine PÝD tarapynda haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda PÝD-ä degişli kantonlary bombalajakdygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.  Gazet PÝD-niň terror guramasy PKK Kamyşlynyň üsti bilen ýarag, ok-däri we terrorçy goldawyny berýändigi barada anyk maglumatlaryň bardygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Türkiýedäki millionerleriň sany artýar” söz başyly habarynda, ykdysadyýetden gowy habarlaryň gelmäge dowam edýändigini belleýär. Habarda Türkiýede banklarda 1 million lira we ondan ýokarda serişdesi bolan hasaplaşyk hasaplarynyň sanynyň 2012-nji ýylyň birinji çärýeginde 102 göterim artyp, 94,529-a ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Bankçylyga gözegçilik guramasynyň görkezijilerine görä ýurduň içindäki banklardaki jemi hasaplaşyk hasabynyň mukdarynyň bolsa soňky 5 ýylda 78 göterim artyp, 1 trillion 186 milliard 549 million lira deň bolandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Gezendäniň ýoly Stambuldan geçmeli” söz başyly habarynda, syýahatçylyk saýty “TripAdwisoryň” dünýäde gezendeleriň saýlap alýan esasy 10 şäheriniň sanawynda Stambulyň 2 basgançak ýokarlap, Londondan soň ikinji ýeri eýeländigine ünsleri çekýär. Habarda Stambula gelinmeginiň sebäpleriniň arasynda bolsa baý aşhanasynyň, taryhy we medeni baýlyklarynyň, türk halkynyň göwni açyklygynyň esasy orny eýeleýändigi nygtalýar.

“Sabah” gazeti “Oýun pudagynyň fabrigi Ankara” söz başyly habarynda, Ankarada ýerli firmalardan biriniň dünýä üçin şatlyk-şüweleň öndürip, şäherleri estetiki taýdan gözellişdirýändigini mälim edýär. Habarda oýun parklary pudagynyň öňde baryjy firmalaryndan biriniň 63 ýurda edýän eksporty bilen bazaryň 17 göterimini eýeleýändigini, firmanyň köp sanly Ýewropa ýurtlaryna, şol sanda Amerika hem oýun parklaryny eksport edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar