Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

485448
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.05.2016

“Star” gazeti: “Bolup geçýänleriň esasy sebäbi sistema” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynda başlan gurultaý etaby barada durup geçen Prezident R.T. Erdoganyň sistema meselesine ünsleri çekendigini mälim edýär. Gazet Prezident bilen Premýer ministriň arasynda ýüze çykan meseläniň özüniň Premýer ministrlik Ahmet Nejdet Sezeriň bolsa Prezident wezipesinde wagty hem ýüze çykandygyny bellän Erdoganyň Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen geçiren duşuşygy barada durup geçendigini aýdandygyny belleýär. Habarda “Gurultaý geçirilsin, men hem dalaşgär bolmaryn” diýip Dawutoglynyň özüniň aýdandygyny bellän Prezident Erdoganyň “Bu ýagdaýyň bolmagy has gowy boldy. Dowam eden bolsa alada bolardy. Öňi-soňy bolmalydy” diýendigi ýazylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Ak partiýada bundan soňky etap nähili bolar?” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynda adatdan daşary gurultaýyň 22-nji maýda geçiriljekdigini habar berýär. Gazet gurultaýa çenli Ahmet Dawutoglynyň partiýanyň başlyklygyny we Premýer ministrlik wezipesini dowam etdirjekdigini nygtaýar. Gazet Dawutoglynyň wezipesini gurultaýda saýlanan adama tabşyrjakdygyny, gurultaý bilen birlikde täze hökümetiň etabynyň hem başlajakdygyny, Prezident Erdoganyň gurultaýda saýlanan adama hökümeti gurmak wezipesini berjekdigini we bu etapdan soň bolsa Türkiýe Respublikasynyň 65-nji hökümetiniň guruljakdygyny beýan edýär.

“Watan” gazeti: “Ýewropa Maýa goýum bankyndan türk kärhanalaryna goldaw” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetini goldamagy maksat edinýän  Ýewropa Maýa goýum bankynyň türk kärhanalaryna 800 million ýewro berjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýede resmi saparada bolan Ýewropa Maýa goýum bankynyň wekilleriniň 7 täze kredit ylalaşygynyň gol çekilmegi üçin türk kärhanalarynyň we banklarynyň wekilleri bilen duşuşjakdygyny aýdýar. Gazet Ýewropa Maýa goýum bankynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän başlygyň orunbasary Pim Wan Ballekomyň Ýewropa Maýa goýum bankynyň Türkiýedäki kredit mukdarynyň 2015-nji ýylda 12 göterim artyp 2,3 milliard ýewro ýetendigine aýdandygyna ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti: “Demirgazyk Yrakda terror guramasy PKK uly zarba” söz başyly habarynda, Baş ştabyň terror guramalaryna garşy geçirilýän operasiýalar bilen baglanyşkly hasabat taýarlandygyny mälim edýär. Gazet halkdan goldaw alyp bilmedik terror guramasy PKK-nyň uly ýitgiler çekendigini belleýär. Gazet howa operasiýalary bilen Demirgazyk Yrakdaky lagerlerde guramanyň ýeriň 15-20 metr aşagyndaky gaçypatalgalarynyň, ok-däri we ýarag ammarlarynyň, ýeriň üstündäki söweş liniýalarynyň, bazalarynyň 80-85 göterim ýok edilendigini nygtaýar.

“Sabah” gazeti: “Merhemet we Adalat sylaglaryna soňky 2 gün” söz başyly habarynda, Prezident Diwanynyň hemaýat etmeginde geçiriljek Merhemet we Adalat mowzukly Halkara gysga metražly film bäsleşiginiň birnäçe günden soň başlajakdygyny habar berýär. Gazet geňeşiň 20 ýurtdan 520 gysga metražly filmiň gatnaşjak bäsleşikde iň uly sylag üçin özara ýaryşjak 20 filmi anyklandygyna ünsi çekýär. Habarda dabaranyň sylaglary Prezident R.T. Erdoganyň gatnaşmagynda 8-nji maýda Stambulda beriljekdigi ýazylýar.



Degişli Habarlar