Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

484730
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.05.2016

“Sabah” gazeti: “Wisazys Ýewropanyň gapysy açyldy” söz başyly habarynda, ÝB Komissiýasynyň türk raýatlary üçin iýun aýynyň ahyrynda wiza ýeňilliginiň döredilmegi üçin maslahat kararyny çykarandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýäniň wiza ýeňilligi üçin gerek bolan 72 kriteriýanyň 67-siniň ýerine ýetirendigi sebäpli çykarylan maslahat kararynyň Ýewropa Parlamendiniň we ÝB Geňeşiniň tassyklamagyna hödürlenjekdigini belleýär. Habarda bu etaplardan soň ÝB-ne wizasyz syýahat döwrüniň resmi ýagdaýda başlanjakdygy ýazylýar. Gazet Türkiýäniň raýatlarynyň 26 agza ýurtda we 3 şäher döwletinde 90 güne çenli wizasyz galyp biljekdigine ünsi çekýär. Gazet ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Wolkan Bozkyryň ÝB-ne wiza ýeňiliginiň berilmegi üçin gerek bolan kriteriýalaryň biri Terrora garşy göreş kanunyndaky üýtgeşmäniň durmuşa geçirilip bilinmejekdigini, bular ýaly üýtgeşmäniň syýasy we wyždan taýdan mümkin däldigini aýdandygyny nygtady.

“Ýeni Şafak” gazeti: “PKK DAEŞ ýaly elhenç” söz başyly habarynda, Türkiýäniň terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşde oppozisionerleriň ýerine terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlara garşy diplomatiki göçüm başladandygyny habar berýär. Habarda Türkiýäniň şol çäkde PÝD bilen DAEŞ-iň eden-etdilikleriniň meňzeşdigini görkezjekdigi aýdylýar. Gazet resmi Ankranyň ABŞ we Ýewropa bilen birlikde musulman ýurtlaryna şu aşakdakylary mysal görkezjekdigini beýan edýär. 1. Hem PÝD hem-de DAEŞ oppozisionerleriň jesetlerini ýük ulaglaryna ýükläp aýlaýarlar. 2. Iki gurama hem kamikaze hüjümleri bilen asuda ilaty gyrgyna berýär we bomba ýüklenen ulaglar bilen hüjüm guraýar. 3. DAEŞ Kilis welaýatyna katýuşa toplary bilen hüjüm guraýar. Katýuşalar Günorta-gündogar Anadoly sebitinde PKK tarapyndan hem ulanylýar.

“Watan” gazeti: “Ysraýylyň NATO-nyň merkezine ofis açmagy alty ýyl soň makullandy” söz başyly habarynda, resmi Ankaranyň Ysraýylyň NATO-nyň Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki merkezinde wekilhana açmagyna rugsat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ysraýylyň wekilhana açmak baradaky talabynyň 2010-njy ýylda 9 türk raýatynyň ýogalmagy bilen netijelenen Mawi Marmara hüjüminden soň Ankaranyň goýan wetosy bilen togtadylandygyny nygtaýar. Gazet Türkiýäniň Mawi Marmara wakasyndan soň Ysraýylyň NATO-nyň harby türgenleşiklerine gatnaşmagyny weto edendigini, beýleki tarapdan bolsa türk we ysraýylly resmileriň gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin ýene-de bir gezek ýygnanjakdygyny belleýär.

“Star” gazeti: “100 milliard liralyk maýa goýum” söz başyly habarynda, Galkynyş ministri Jewdet Ýylmazyň: “2016-njy ýylyň maýa goýum programasy üçin aýrylyp goýulan 64,9 milliard liralyk pul, 2015-nji ýyldaky 53,5 milliard lira görä 21,3 göterim artdy. Şeýlelelik bilen ýyl üçin bellenen taslamalara meýilleşdirilenden has köp maýa goýulyp biliner” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti: “Indi bolsa 3D mozaika” söz başyly habarynda, Hataý welaýatyndaky tanap ýollarynyň gurluşygynda tapylan mozaikadan soň indi bolsa 2 müň ozala degişli täze mozaikalaryň tapylandygyny habar berýär. Gazet tapylan mozaikalaryň käbirleriniň 3D, käbirlerinde bolsa ýasan adamyň golunyň hem bardygyny beýan edýär. Habarda mysal üçin 1800 ýyl ozala degişli mozaikada dessanyň we şygaryň gahrymanlarynyň biri bolan Kalliopeniň we Hesiodosyň suratlandyrylandygyny, gahrymanlaryň egin-eşikleriniň häzirki egin-eşiklere çalym edýändigi aýdylýar.



Degişli Habarlar