Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

483072
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.05.2016

 

“Ýeni Şafak” gazeti “İçginlik görkezmegiň nobaty ÝB-de” söz başyly habarynda, Türkiýäniň raýatlarynyň 36 ýyl soň wizasyz syýahat hukugyna eýe bolmagy üçin gerek bolan 72 kriteriýanyň soňkysynyň şu gün Mejlisde kabul ediljekdigini, indi ünsleriň Türkiýäniň wiza ýeňilligi üçin gerek bolan şertleri ýerine ýetirip-ýetirmändigi barada ertir habarnama çap etjek ÝB Komissiýasyna gönügendigini mälim edýär.

 

“Star” gazeti “Eýranly ministr Türkiýä teklip etdi: Bilelikde awtoulag öndüreliň” söz başyly habarynda, embargolardan halas bolan Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösýändigini ýazýar.

Gazet Stambulyň Senagat Birleşmesiniň wekiliýetiniň Eýrana sapar gurandygyny, 70 adamdan ybarat bolan wekiliýetiň Tähranda Eýranyň Tehnologiýa we Senagat ministrleri bilen ýörite maslahatlar geçirendigini, Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministri Mohammad Reza Nematzadehiň iki ýurduň arasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň edilip bilinjekdigini nygtap: “50-50 şäriklik bilen täze awtoulag öndürip, dünýä eksport edip bileris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 

“Haber Türk” gazeti “Judith Libermandan “Queloglan ertekisi” söz başyly habarynda, zehini, başarjaňlygy we açyk ýürekliligi bilen tanalýan çagalaryň halaýan erteki gahrymanlaryndan Keloglanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň “Lidýa ýolunda ertekiler” taslamasynyň çäginde fransuz ýazyjy Judith Libermanyň ýazan täze ertekisi bilen ýaňandan ünsleri özüne çekmäge başlandygyny ýazýar.

Gazet taslamanyň çäginde Keloglan bilen birlikde 5 erteki ýazan Libermanyň ertekileri hakynda maý aýynyň 9-14 aralygynda bu ýoldaky ýörişde daşary ýurtdan gelen žurnalistlere we dünýäniň tanymal syýahatçylyk bloggerlerine maglumat berjekdigini nygtaýar.

Gazet ýörüşiniň çäginde barjak ýurtlarynda Libermanyň gürrüň berjek ertekileriniň gysga wideo ýazgysynyň alynjakdygyny we wideolaryň “Likýa ýolunda ertekiler” we “Anadolynyň hekaýalary” ady bilen sosial medialar arkaly halka ýetiriljekdigini ýatladýar.

“Watan” gazeti sport sahypasynda FİFA-nyň bäsleşiklerine gatnaşýan türk emin agza Jüneýit Çakyryň Braziliýanyň Rio de Žaneiro şäherinde geçirişjek 2016 Olimpiada oýunlaryndaky erkekler futbol bäsleşiklerini gönükdirjekdigini ýazýar.

Gazet Jüneýit Çakyryň şeýlelikde Ýewropa çempionady, FİFA komandalar dünýä kubogy, Çempionlar Ligasy ýaly esasy guramaçylyklardan soň olimpiadalary hem gönükdirjekdigini belleýär.



Degişli Habarlar