Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

482336
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.05.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

“Sabah” gazeti “Asuda 1-nji Maý” söz başyly habarynda 1-nji maý zähmetkeşler we raýdaşlyk güni mybasybetli Stambulda guralan çäreleriň resmi taýdan kesgitlenen Bakyrköý etrabynyň halk bazasynda geçirilendigini ýazýar. Baýramçylyk çäresina kärdeşler arkalaşyklarynyň, konfederasiýalarynyň we köp sanly jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşandygy mälim edilýär. Gazet Bakyrköýdäki dabaralaryň festiwal häsýetinde geçendigini, “Türk-İş”, “Hak-İş” we “Memur Sen” kärdeşler arkalaşyklarynyň minitinglerinde konstitutsiýanyň täze teksti barada çagyryşlaryň berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýewropa wizasyz syýahat üçin möhüm 48 sagat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ÝB-den garaşýan esasy ýeňilliklerinden biri bolan wiza ýeňilligi boýunça soňky taýarlyklaryň görülýändigini, resmi Ankaranyň raýatlaryna Şengen zolagyna wizasyz syýahat mümkinçiliginiň döredilmegi üçin goýulan şertleri berjaý etmek üçin uly tagalla edýändigini nygtaýar. Gazet ÝB Komissiýasynyň 4-nji maýda yglan etjek seljeriş habarnamasynda wiza ýeňilligi boýunça oňyn garaýyş beýan edilmegi üçin 48 sagatlyk wagtyň kesgitleýiji boljakdygyna ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “PKK dynç berip, DAEŞ-i öňe sürerler” söz başyly habarynda, terror guramalary arkaly ýurtlary basyp alanlaryň indi şeýle taslamalary gizlemäge-de hajat duýmaýandyklaryny, halkara derejesinde goldaw tapan terror guramasy PKK-nyň Türkiýäniň gaýduwsyz göreşiniň netijesinde uly ýitgi çekendigini, global güýçleriň niýetiniň başa barmandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet indi bolsa terror guramasy DAEŞ-iň hüjümleriniň artmaga başlandygyny, iki terror guramasynyň hem hereket we hüjüm usullarynyň biri-birine meňzemeginiň ünsleri çekýändigini ýazýar.

“Star” gazeti “Soltan Abdulaziz 149 ýyl soň ýaňadandan Parižde” söz başyly habarynda, Osman patyşasy Soltan Abbulaziziň eskizleriniň we şolara laýyklykda çekilen kartinalarynyň görkezilýän sergisinin Pariždäki “Frederik-Moisan” galareýasynda sungaty söýjileriň dykgatyna ýetirilýändigini mälim edýär. Osman soltanlaryndan Ýewropa sapar guran ilkinji soltan bolan Abdulaziz 149 ýyl ozal Pariže baryp, syýasy, sosial, medeni töwerekler bilen duşuşyklar geçiripdi. Stambula dolanyp gelenden soň bolsa sungat ussahanalarynyň açylmagy barada görkezme beripdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe 3D metal printer bilen F16-nyň ätiýaç şaýyny öndürer” söz başyly habarynda, ABŞ-dan, Germaniýadan we Russiýadan soň Türkiýäniň hem 3D metal printer bilen ätiýaç şaý öndürjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar