Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.04.2016

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

480859
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.04.2016

“Sabah” gazeti: “F-16-lar logistika zarba urdy” söz başyly habarynda, terror guramasy PKK-nyň sabotaž etmeginden soň gurama garşy agyr zarba urulandygyny mälim edýär. Gazet Kandile F-16 harby uçarlary bilen guralan howa hüjümleri bilen guramanyň sebitdäki binalarynyň, ýarag ammarlarynyň, gaçypatalgalarynyň, agzalary ýaşaýyş we gündelik logistik zerurlyklary bilen üpjün edýän ussahanalarynyň ýok edilendigini belleýär. Habarda howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumatlara görä terrorçylaryň tikinçilik ussahanasy bilen birlikde azyk we egin-eşik ammarlarynyň hem dolulygyna ýok edilendigi ýazylýar. Gazet boýun egen terrorçylaryň hem ussahanalaryň türk harby uçarlary tarapyndan dolulygyna ýok edilendigini tassyklandyklaryna ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti: “Halapa ölüm ýagýar” söz başyly habarynda, Halapyň Siriýanyň içerki söweşiniň esasy frontyna öwrülendigini habar berýär. Gazet BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Misturanyň soňky 48 sagatda her 25 minutda 1 siriýalynyň ölýandigini, her 13 minutda bolsa 1 siriýalynyň ýaralanýandygyny we ylalaşygyň çöküp barýandygyny belläp, ABŞ-na we Russiýa ylalaşygyň dolulygyna ýola goýulmagy üçin ýokary derjeli gepleşikleriň geçirilmegine çagyrandygyny nygtaýar.

“Hürriýet” gazeti: “Ýüzýän butik myhmanhanalar Egeýde” söz başyly habarynda, syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Marmaris aýlagynda ýüzýän kiçi myhmanhanalar diýip atlandyrylýan guletleriň syýahaçylara hyzmat bermäge başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet dynç almaga gelen adamlaryň howalaryň maýlamagy bilen guletlerde guralýan turlara çykmaga başlandyklaryny beýan edýär. Habarda esasan hem 1-2 hepdelik syýahada çykylýan guletlerde lýuks myhmanhanalardaky ýaly hyzmatlaryň berilýändigi aýdylýar. Gazet mundan başgada guletlerde jakuzileriň, telewizorlaryň, internetiň, telefonlaryň bardygyny we sportyň ençeme görnüşini ýerine ýetirmäge mümkinçiligiň döredilýändigini belleýär.

“Watan” gazeti: “Şazada Jorjyň Obamany garşylanda geýen halady Denizlide öndürildi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň geçen hepde Britaniýada 3 günlük saparda bolandygyny mälim edýär. Gazet Obamanyň Britaniýa guran saparynyň çäginde aýaly Mişel bilen bilelikde şalygyň tagtynyň 2-nji mirasdary Kembridž gersogy William we aýaly Kate bilen duşuşandygyny nygtaýar. Habarda Kensington köşgünde Obamanyň agşam naharynda Şazada Jorj bilen tanyşan pursadyň saparyň iň köp üns çeken wakasy we kiçi şazadanyň halady we pižamasy bilen Obamany garşylaýandygyny görkezýän suratyň sosial mediada iň köp üstünde durulyp geçilen habarlaryň arasynda bolandygy bellenýär.

“Star” gazeti: “Türk medeniýetine haýran” söz başyly habarynda, ZACH Condonyň esaslandyryjysy bolan we tapawutly medeniýetlerden gelen aýdymçydyr sazandalary özünde jemleýän Indie topary Beirutyň Türkiýä geljekdiklerini habar berýär. Gazet Günbatar Ýewropa we Balkan sazyny we folklor sazy bilen jazy arasynda özbaşdak ýola eýe bolan Indie topary Beirutyň Stambulyň Küçükçiftlik Parkda 28-nji maýda çykyş etjekdigine ünsi çekýär.



Degişli Habarlar