Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.04.2016

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

480162
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.04.2016

“Star” gazeti: “Horwatiýa bilen 1 milliard dollar” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Horwatiýa-Türkiýe işewürler maslahatynda eden çykyşynda iki ýurduň arasynda 2006-njy ýylda 270 million dollar bolan söwda kuwwadynyň häzirki wagtda krizise garamazdan 355 million dollara çenli ýokarlandygyny, maksatlarynyň bolsa 1 milliard dollara ýetirmekdigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Prezident Erdoganyň Zagrebde Horwatiýanyň Prezidenti Kolinde Grabar Kitarowiç bilen bilelikde gatnaşan işewürler maslahatynda Türkiýe bilen Horwatiýanyň geljegi üçin berk esaslaryň ýola goýulandygyny aýdandygyny belleýär.

“Sabah” gazeti: “DAEŞ-iň 800 million dollary ýok edildi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş ýurtlarynyň harby uçarlarynyň terror guramasy DAEŞ-e degişli nagt pullary nyşana alyndy we guramanyň 800 million dollarynyň ýok edilendigini habar berýär. Gazet Bagdatda wezipesini ýerine ýetirýän ABŞ-dan General-maýor çinli  Peter Gersteniň guramanyň diňe Mosuldaky bir ammarynda 150 million dollarynyň, jemi bolsa 800 million dollarynyň ýok edilendigini aýdandygyny nygtaýar. Habarda merkezi Britaniýada ýerleşýän BBC beýanat beren Gersteniň: “Guramadan gaçanlaryň sany 90 göterime çenli artdy. Terrorçylaryň käbiri aýallaryň egin-eşigini geýip gaçmaga synanyşýar. DAEŞ-iň hataryna goşulanlaryň sany hem 1 aýda 2 müňden 2 ýüze çenli aşaklady” diýendigi ýazylýar.

“Haber Türk” gazeti: “Tanymal aýdymçylar siriýalylaryň galýan çadyr şäherçelerinde aýdym-saz derslerini berer” söz başyly habarynda, agzalaryň arasynda Tarkan, Teoman, Ýalyn, Sezen Aksu, Kenan Dogulu, Göksel, Serdar Ortaç, Gülşen, Athena, Gripin, Hande Ýener ýaly tanymal aýdymçylar bolan MSG Bileleşiginiň siriýalylaryň galýan çadyr şäherçelerinde aýdym-saz derslerinden okatmak üçin taslama oýlap tapandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet taslamanyň çäginde ýurtlaryndan gaçyp gelen siriýaly çagalara her hepde tanymal aýdymçylaryň biriniň gelip aýdym-saz öwretjekdigine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Galatasaraý Ýewropanyň çempiony” söz başyly habarynda, basketbol boýunça Galatasaraý Odeabank komandasynyň ULEB Ýewropa kubogynyň final tapgyrynda Fransiýanyň Starsbourg komandasyndan 78-67 hasabynda üstün çykyp, Ýewropanyň çempiony bolandygyny mälim edýär. Gazet Galatasaraý Odeabank komandasynyň Türkiýäniň basketbol taryhynda ilkinji gezek Eurocupda çempion bolan türk basketbol komandasydygyny beýan edýär.

“Watan” gazeti: “Ýaşaýan zehinli Hawking üçin” söz başyly habarynda, Garwardyň Ýaş alymlarynyň agzalygyna saýlanan Türkiýäniň ABŞ-daky buýsanjy bolan Janan Dagdewireniň tanymal fizik Stefen Hawking bilen Garwartda duşuşandygyny habar berýär. Gazet Dagdewireniň Hawkinge onuň üçin oýlap tapan täze enjamy bilen tanyşdyrandygyny belleýär. Habarda Dagdewireniň tanymal fizik Hawking bilen bilelikde düşen suratyny Twitter hasabyndan paýlaşandygy ýazylýar. Gazet türk alymyň ýürek ýetmezçiligi çekýän adamlar üçin ýürek batareýini oýlap tapandygyna ünsi çekýär. Gazet Dagdewireniň ozal hem deri ragyny 10 sekuntda anyklap bilýän enjam oýlap tapandygyny nygtaýar.



Degişli Habarlar