Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.04.2016

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

477435
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.04.2016

“Vatan” gazeti “Rus gämisi türk baýdagy bilen geçdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň deňiz flotuna degişli 031 belgili “Aleksandr Otrakovskiý” atly harby gäminiň Gara deňizden Bosfor bogazyna gelip, Mermer deňizine tarap ýola düşendigini, gäminiň iki sagada golaý dovam eden geçişiň dovamynda türk baýdagyny asandygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Beýogly bombaçysynyň maksadyny Ysraýyl beýan etdi” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Anti-terror departamentiniň 19-njy martda Stambulyň Beýogly etrabynda guralan, 3 sanysy ysraýylly, biri eýranly 4 syýahatçynyň pida bolan kamikaze hüjüminiň esasy maksadynyň türk syýahatçylygyna zeper ýetirmekden ybaratdygyny habar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda hüjüm barasynda berilen beýanatda bir aýdan bäri dovam etdirilýän derňev işiniň netijesinde DAEŞ terrorçysynyň ysraýylly syýahatçylara bilkastlaýyn hüjüm etmändigi netijesine gelinendigi nygtalýar.

“Sabah” gazeti “Saglyk üçin Türkiýä gelerler” söz başyly habarynda, Stambulda geçiriljek Dövlet-Hususy Pudak hyzmatdaşlygyndaky Saglyk maslahatyna saglygy goraýyş ve maliýe taýdan dünýäniň belli guramalarynyň vekilleriniň gatnaşjakdygyny ýazýar. Gazet Saglygy goraýyş ministrligi bilen Ministrler kabinetiniň ýakyndaky Türkiýe maýa goýum goldav ve Tanyşdyryş edarasynyň hemaýat bermeginde geçiriljek maslahatyň üstümizdäki aýyň 26-27-i aralygynda geçiriljekdigi mälim edýär. Habarda 20-ä golaý ýurduň vekilleriniň gatnaşmagyndaky maslahata Katardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan, Tunisden, Gazagystandan ve Nigeriýadan ýokary derejeli vekilleriň geljekdigi nygtalýar.

“Star” gazeti “Adamkärçiligiň merkezi Türkiýe” söz başyly habarynda, Kanadada arap aktivistleri ve jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Sagbol Türkiýe” festivalynyň geçirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Mississuga şäherinde geçirilen festivalyň Kanadanyň siriýalylaryň arkalaşyk geňeşiniň öňbaşçylygynda guralandygyny, festivala gatnaşan ýüzlerçe adamyň “Siriýanyň halkynyň başda durmagynda zulum çekýänlere gujak açan beýik Türkiýe bar. Sagbol Türkiýe” diýip şygar aýdandyklaryny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Türk Hovaýollary zenan uçarmanlar boýunça rekord goýdy” söz başyly habarynda, mart aýynda Çikagy-Stambul saparynda ilkinji gezek iki zenan uçarmanyň uçuşy amala aşyrmagy bilen başlangyç eden Türk Hovaýollarynyň, zenan uçarmanlarynyň sany boýunça-da rekord goýandygyna ünsleri çekýär. Habarda on ýyl ozal 6 zenan uçarmany bolan Türk Hovaýyllarynda şol sanyň 10 sanysy daşary ýurtly 100-e ýetendigini mälim edýär. Gazet Türk Hovaýyllarynda 4429 uçarmanyň işleýändigini, şolardan 765 sanysynyň daşary ýurtlydygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar