Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.04.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

475311
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.04.2016

“Sabah" gazeti “Türkiýe bilen ýakyndan gyzyklanýarys" söz başyly habarynda, Polşanyň Daşary işler mimnistri Witold Waszçizowskiniň ýazan makalasyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Polşanyň Daşary işler ministri makalasynda: “600 ýyldan gowrak wagt bäri diplomatik gatnaşyklaryny dowam etdirýän Polşa we Türkiýe syýasy taryhda deňi-taýy bolmadyk dostlykly gatnaşyga eýe. 19-njy asyrda, 1831-nji ýylyň noýabryndaky pitneden soň Adampolda, ýagny Polonezköýde polýak esgerleri üçin howpsyz ýer beren ýurt Türkiýe. Polýaklar şol ýagşylygy entegem ýatdan çykaranoklar. Türkiýäniň şu günki günde-de millionlarça siriýala berýän kömegine haýran galmak bilen seredýäris. Çykgynsyzlygyň sebitleýin täsirlerine garşy göreş üçin Siriýa meselesi üçin ÝB-niň Sebitleýin ynam gaznasyna şu ýyl 3 million ýewro serişde bölüp berdik. ÝB bilen Türkiýäniň bosgunlar meselesinde 18-nji martda gol çekişen ylalaşygyna maliýe taýdan goldaw berýäris. Gadymy dostumyz Türkiýe we beýleki hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde sebitde durnuklylygy ýaňadandan üpjün etmek üçin elimizden geleni etmäge-de dowam ederis" diýýär.

“Ýeni Şafak" gazeti “Russiýa Krymdaky metjitleri diňleýär" söz başyly habarynda, Krym tatarlarynyň lideri Mustafa Abduljemil Krymoglynyň Russiýanyň Krymda alyp barýan basyş syýasaty barada beren beýanatyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet rus polisleriniň 2 ýylyň dowamynda 200-den gowrak öýde, metjitde we mekdepde barlag geçirendigini aýdan Krymoglynyň “Demokratik azatlyk ýok. Russiýa ähli zada gözegçilik edýär. Ruslaryň Krymy almagyndan soň tatarlar uly kynçylyk çekýär" diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Star" gazeti “Bosgunlara garşy duran premýer ministre ylahy şarpyk" söz başyly habarynda, Slowakiýanyň bosgunlara we musulmanlara garşy syýasaty bilen tanalýan Premýer ministri Robert Fikony bosgun we musulman lukmanlardan biriniň sagaldandygyny ýazýar. Habarda Premýer ministr Fikonyň bir hepde mundan ozal ýürek agyrysy bilen hassahana barandygyny, bilimini 1980-nji ýylda bosgunlykda Slowakiýada tamamlan, soň Bratislawada ýaşamaga dowam eden kardiologyň şol bir wagtda-da Premýer ministriň bejergi alan Ýürek-damar keselleri milli institutynyň baş müdiridigi mälim edilýär.

“Milliýet" gazeti “Gollandiýada tür ýaşlaryndan biri gahryman yglan edildi" söz başyly habarynda, Gollandiýanyň Nimegen şäherinde polis gulluçylarynyň “sagbolsun aýtmak üçin" Kemal Abiş atly türk ýaşlaryndan biriniň yzyna düşendigini, çünki janyna kast etmek üçin resýesleriň üstüne lykan zenany soňky pursatda ölümden halas eden Abişiň polis we golland mediasy tarapyndan gahryman yglan edilendigini ýazýar.

“Watan"gazeti “Ýerli Nobel beýnimizi okaýan türk professoryna" söz başyly habarynda, şu ýyl Wehbi Koç baýragyna adamyň beýnisi barada gçeiren ylmy barlaglary bilen “Beýniniň syryny açan türk" hökmünde tanalýan professor Kamil Ugurbiliň laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet beýniniň nähili işleýändigi barada magnetiki rezonans ulanmak arkaly çygyr açan tehnologiýalary oýlap tapan Ugurbiliň alsgeýmer, depressiýa ýaly köp sanly hassalygyň sebäpleriniň anyklanmagyna şert döredýändigini nygtaýar.



Degişli Habarlar