Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.04.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

469540
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.04.2016

“Watan" gazeti: “Şeýtanyň hem geň görjek mekir taktikalar" söz başyly habarynda, PKK-ly terrorçylaryň Şyrnak welaýatynyň merkezinde, Jizre, Idil we Silopi etraplarynda, Mardin welaýatynyň Nusaýbin, Dargeçit we Derik etraplarynda, Diýarbakyryň Sur etrabynda, Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda akla gelmejek usullar bilen hyýanatçylykly hüjüm guraýandyklaryny mälim edýär. Gazet howpsyzlyk güýçleriniň PKK-nyň mekir taktikalaryna garşy göreş alyp barýandygyny belleýär. Habarda terrorçylaryň elde ýasan partlaýjy maddalaryny gazan çukurlarynyň içinde, goýan barrikadalarynyň arasynda, laýlaryň içinde, gurhanyň aşagynda, gapylaryň arka tarapynda, sallançagyň we gazanlaryň içinde goýýandyklary ýazylýar.

“Haber Türk" gazeti: “Serhetleri minalardan saplamak üçin ÝB-den 80 million ýewro" söz başyly habarynda, ÝB-niň Türkiýäniň Gündogar we Günorta-gündogar sebitleriniň serhetleriniň minalardan saplanyp gözegçiligiň artdyrylmagy üçin goldaw berjekdigini habar berýär. Gazet şol maksat bilen taýarlanan taslamanyň çäginde Türkiýäniň Ermenistan we Eýran serhetlerinde mina saplamak işleriniň aprel aýynyň ahyryndan başlap, 2017-nji ýylyň dekabr aýyna çenli dowam etjekdigini beýan edýär. Habarda Türkiýäniň Gündogarynda we Günorta-gündogarynda radary we termodatçigi bolan 82 ýörite ulagyň hem beriljekdigi ýazylýar. Gazet mina saplama we ýörite ulaglary öz içine alýan programanyň çykdajysynyň jemi 106 million ýewrodygy, şonuň 80 million ýewrosynyň ÝB tarapyndan beriljekdigine ünsi çekýär.

“Hürriýet" gazeti: “Türkiýe resmi ýagdaýda şikaýat etdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň nemes aktýor Ýan Bohmermana garşy Prezident R.T. Erdogana dil ýetirmegi sebäpli kazyýet işiniň gozgalmagy üçin Germaniýanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň Germaniýadaky ilçihanasynyň ýurduň Daşary işler ministrligine derňew işiniň başladylmagy üçin dilden nota berendigini nygtaýar. Habarda nemes hökümediniň Türkiýäniň hökümediniň beren şikaýadynyň Premýer ministrlik, Daşary işler ministrligi we Adalat ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan derňelýändigini belländikleri aýdylýar.

“Sabah" gazeti: “Harabalyklaryň arasynda oýun arakesmesi" söz başyly habarynda, Siriýada diplomatiki tagallalaryň dowam edip bilmegi üçin ýola goýulan ylalaşygyň dürli-dürli düzgün bozmalar bilen dowam edýändigini, hüjümlere arakesme berilmeginden bolsa iň köp çagalaryň peýdalanandygyny ýazýar. Gazet paýtagt Damaskyň golaýyndaky Jubar diýilen ýerinde çagalaryň harabalyklaryň arasynda şar uçuryp hoş wagt geçirýändiklerini beýan edýär. Habarda Asada bagly güýçleriň we oňa goldaw berýän Russiýanyň Halapda giň-gerimli operasiýa başlatmak isleýändigini baradaky habarlara alada bildirilýändigi bellenýär.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Türkiýe eşitmesin ABŞ gizlin DAEŞ bilen duşuşdy" söz başyly habarynda, DAEŞ bilen göreşiň çäginde Yraga 400-den gowrak harby geňeşçi ugradan ABŞ-nyň terror guramasynyň düzümindäki BAAS-çy serkerdeler bilen gepleşikler geçirmäge başlandygynyň ýüze çykandygyny mälim edýär. Gazet Yrak çeşmelerinden alynan maglumata görä amerikaly 7 rezwedkaçynyň guramanyň 2-nji ýolbaşçysy Abu Ahmet Al Awni bilen duşuşandyklaryny aýdandygyny, yrakly hünärmenleriň Al Kaýdany ýok etmek meýilnamasyndan tapawutly meýiliniň bardygyny ABŞ-nyň BAAS-çylar bilen DAEŞ-çileri biri-birinden aýyryp BAAS-çylaryň sistema integrasiýa bolmagyny isleýändigini aýdandyklaryny habar berýär.



Degişli Habarlar