Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.04.2016

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

464304
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.04.2016


“Ýeni Şafak" gazeti “Türkiýäni terror bilen güýçden gaçyrmaga synanşýarlar" söz başyly habarynda Türkiýäniň ykdysady taýdan dünýäde 17-nji orny we kämil ynsan güýji bilen dünýäde esasy orun eýelemeginiň käbir töwerekleri biynjalyk edýändigini ýazýar.

Gazet hünärmenleriň, Türkiýäniň ykdysady ösüşiniň käbir töwerekleri biynjalyk edýändigi üçin Türkiýäni PKK, DAEŞ ýaly terror belasy bilen güýçden gaçyrmaga çalyşýandyklaryna ünsi çekýändiklerini belleýär.

“Haber Türk" gazeti “Türkiýe dünýä ýurtlaryna adamkärçilik dersini berdi" söz başyly habarynda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan U2 aýdym saz toparynyň Irlandiýaly aýdymçysy Bono bilen Amerikan kongresiniň agzalaryny Çankaýa köşgünde kabul edendigini habar berýär.

Gazet tanymal aýdymçy Bononyň Türkiýäniň bosgunlary kabul etmekde dünýäde esasy orun eýeleýändigini nygtap “Bosgunlar hakyndaky aladaňyz we açan mekdepleriňiz dünýä ýurtlaryna adamkärçilik dersini berýär" diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah" gazeti “Erdogana ynanýandygymyz üçin Türkiýä gelýäris" söz başyly habarynda dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan 21 firmanyň ýolbaşçynyň Waşingtonda Türkiýe bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny mälim edýär.

Gazet firmalaryň ýolbaşçylarynyň Türkiýä ynanmak bilen birlikde Prezident R. T. Erdoganyň berýän ynam duýgusynyň özlerini Türkiýä gönükdirendikleri hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.

Gazet Ýokary tehnalogiýa we awiasiýa firmasy Lojkheed Martiniň başlygy Marillyn A. Hesson “Ýadro maslahatyna gatnaşmak üçin Waşingtona gelen 56 ýurduň döwlet baştutany biziň bilen duşuşmak isledi. Emma esasy duşuşygy Türkiýeli ýolbaşçylar geçirdi" diýendigini ýatladýar.

“Star" gazeti “Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň metbugat geňeşçisi Dmitriy Peskowyň gyzy Lisa Peskowa Ankarada guralan hüjümlere berk reaksiýa görkezmändigi sebäpli dünýä ýurtlaryny tankyt etdi" söz başyly habarynda Lisa Peskowanyň ýüzlenmesine ýer berýär.

Wladimir Putiniň metbugat geňeşçisi Dmitriy Peskowyň gyzy Lisa Peskowa ýüzlenmesinde “Men Ankarada doguldym. İlkinji ýyllarym Türkiýede geçdi. Moskwanyň Döwlet uniwersitetinde türk dilini öwrenýärin. Töweregimdäkileriň iki ýüzli çemeleşeýändigini görýärin. Näme üçin internet Türkiýäniň baýdaklary bilen bezelmedi. Eýsem Ankarada guralan hüjümlerde ýogalanlar Parižde guralan hüjümlerde ýogalanlardan tapawutlymy?. Ýagny terrorçylykly hüjümler has möhüm ýada beýle möhüm däl diýlip iki bölege bölünýärmi?Türkiýe men siziň ýanyňyzda we size goldaw berýärin" diýip belledi.

“Hürriýet" gazeti “NASA-nyň ýalňyşlygy" söz başyly habarynda Amerikan Milli kosmos we awiasiýa edarasy NASA-nyň gysga wagt mundan öň Gündogar Ortaýer deňzinde 1998-nji ýylda başlan we henizem dowam edýän guraklygyň soňky 9 asyryň iň uly guraklygydygy hakynda maglumat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gazet Tokaýçylyk we suw işleri ministri Weýsel Eroglynyň bolsa NASA-nyň ylmy barlaglarynyň ýeterlik derejede bolmandygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.

Gazet ministr Eroglynyň “NASA-nyň howa maglumatlary hakyndaky çaklamalary ýeterlik derejede däl we biziň çaklamalarymyza gabat gelmeýär. Biz döwrebap tehnalogiýalar bilen işleýäris. Türkiýe bilen birlikde goňşy ýurtlara hem hyzmat edýäris. Deňizlerde guran beketlerimiz arkaly dogry çaklamagyny berýäris. Olaryň emely hemralary bar bolsa biziň hem Göktürkümüz bar" diýen sözlerini ýatladýar.



Degişli Habarlar