Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.03.2016

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

457501
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.03.2016


Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

“Watan" gazeti “Tussag etdik boşatdylar" söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Brýsseli gana bolan DAEŞ-li terrorçy Ibrahim Al Bakraouiniň geçen ýyl Siriýa geçmäge synanşan mahaly Gaziantepde tussag edilip yzyna ugradylandygy emma “terror bilen arabaglanşygy ýok" diýip boşadylandygy hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gazet Dünýä ýurtlary ýakyndan hyzmatdaşlyk eden halatynda terroryň ortadan aýrylyp bilinjekdigini aýdan Prezident Erdoganyň “Şonuň üçin dünýä terrory, terrorçyny we terrorçylygy ýaňadandan kesgitlemelidir" diýendigini ýatladýar.

“Star" gazeti “DAEŞ ÝB-ne PKK-ly ýaly girýär" söz başyly habarynda Brýusselde 34 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümlerden soň Siriýada şol bir düşelgelerde tälim alyp Türkiýede birlikde hüjümler guraýan terror guramalary DAEŞ bilen PKK-nyň, Ýewropa üçin birleşendiginiň ýüze çykandygyny ýazýar.

Gazet howpsyzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, DAEŞ-iň öz terrorçylaryny PKK-ly ýaly görkezip ÝB-ne agza ýurtlara ugradyp hüjüm guramagy meýilleşdirýändigini nygtaýar.

“Ýeni Şafak" gazeti “Bosgunlara göz asty merkezleri" söz başyly habarynda BMG-nyň Bosgunlar ýokary komisarlygynyň grek adalarynda bosgunlaryň saklanýan merkezleriniň göz asty merkezlerine öwrülendigini öňe sürendigini habar berýär.

Gazet bosgunlaryň zor bilen bosgun merkezlerine ýerleşdirilendigini nygtaýan guramanyň, bosgunlaryň şol merkezlere ýerleşdirilmegi hakyndaky işlere goldaw bermejekdigini ýatladýar.

Gazet Serhet tanamaýan lukmanlar guramasynyň hem Gresiýanyň Midilli adasyndaky bosgun merkezinden çekilmek barada karar kabul edendigini belleýär.

“Hürriýet" gazeti “Türkiýäniň ykdysadyýetçileri anna güni jemlenişýär" söz başyly habarynda Uludag Ykdysadyýet maslahatynyň 25-nji martda anna güni Bursada öz işine başlajakdygyny habar berýär.

Gazet şu ýyl bäşinji gezek geçiriljek maslahatyň iki gün dowam etjekdigini ýatladýar.

Gazet Wise-premýer Mehmet Şimşegiň açylyş çykyşy bilen öz işine başlajak maslahata milli we halkara derejesinde ykdysadyýety ugrukdyrýan işewür adamlarynyň gatnaşjakdygyny belleýär.

“Sabah" gazeti dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan aktrisa Kate Hudsonyň terrora garşy göreşde Türkiýä goldaw berendigini ýazýar.



Degişli Habarlar