Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.02.2016

Gündelik gazetler dünýäniň we Türkiýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giňişleýin orun berýär

434948
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.02.2016
türk basını.jpg

“Ýeni Şafak" gazeti “Halkara terror: 28 şehit, 61 ýaraly" söz başyly habarynda: “Terror ganhorlygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Dönükler paýtagt Ankarada Baş ştab we guryýer goşunlarynyň serkerdeligi ýaly guramalaryň ýerleşýän ýerinde harby serwis ulaglaryna bombaly ulaglar bilen hüjüm gurady. Azyndan 28 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümde 61 adam ýaralandy. Ankarada guralan hüjümden soň wakanyň bolan ýerinde derňew işini geçiren hünärmenleriň partlamada ölen terrorçynyň şahsyýetini anyklady. Hüjümi guran terrorçynyň Siriýanyň raýaty Salih Nejar bolandygy anyklandy" diýip ýazýar.

“Star" gazeti “Daş zyňma, top oýna" söz başyly habarynda, terrorçylygyň ýetiren zeperiniň öweziniň sosial çäreler arkaly dolunýandygyny, Silopi, Jizre we Sur etraplarynda öýlerine zeper ýetenler bilen birlikde söwda-satygçylaryň hem ýitgileriniň öweziniň dolunýandygyny, sosial goldawlar bilen birlikde terroryň yzynyň dolulygyna ýok ediljekdigini ýazýar. Habarda Çagalar, ýaşlar we zenanlar bilen birlikde Günorta-gündogar Anadoly sebitindäki ähli şäherlerde giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi, ähli sport we medeni çäreleriň guralýandygy mälim edilýär.

“Watan" gazeti “Geliň obamyza dolanalyň" söz başyly habarynda, Azyk, ekerançylyk we maldarçylyk ministrliginiň “Geliň obamyza dolanalyň" atly taslamany durmuşa geçirjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Azyk, ekerançylyk we maldarçylyk ministri Faruk Çeligiň Türkiýede oba ýerlerinden şähere göçülýändigini, emma yza dolanmak üçin gerek bolan şertleriň döredilmelidigini belläp: “Oba ýerlerinde maldarçylygyň ýaýbaňlandyrylmagy üçin “Geliň obamyza dolanalyň" atly taslamany durmuşa geçirmek isleýäris" diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah" gazeti “Wyždan agajy baýrakdan doýanok" söz başyly habarynda, “Wyždan agajy" Halkara Lion film festiwalynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan resmi seçip alyşa gatnaşan 12 eseriň arasynda “iň gowy film" hökmünde satlanandygyny mälim edýär. Olgun Özdemiriň ýazan we ýolbaşçylyk etmeginde düşürilen filmiň baş rollarynda Şerafettin Kaýanyň we Turgaý Tanülkiniň oýnandygy, filmiň Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabynda surata alynandygyny ýazýar.

“Hürriýet" gazeti “Yşyk we reňk şüweleňi başlady" söz başyly habarynda, Sabanjy muzeýiniň täze sergisi “MASK-yň diňe Yşyk we reňkiň" şu halka gapysyny açandygyny mälim edýär. Habarda sergide nemes modernizminiň öňbaşçylaryndan Neinz Maskyň 60 ýyllyk uzak we döredijilikli durmuşynda döreden 100-den gowrak eseriniň görkeziljekdigi nygtalýar.



Degişli Habarlar