Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.02.2016

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan uğurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

430848
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.02.2016

“Sabah" gazeti: “Siriýada göçürilme we gyrgynçylyk" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýanyň, Eýranyň we Hizbullahyň goldawy bilen öz halkyny gyrýan Asada reaksiýa görkezmeýän ABŞ-na we Ýewropa nägilelik bildirendigini mälim edýär. Gazet Erdoganyň: “DAEŞ-e garşy göreş bahanasy bilen sebite ýerleşip, Siriýanyň halkyny çaga we zenan diýmeden gyrýanlaryň ýüzlerini bütin dünýä görkezmäge dowam etdireris. Siriýadaky bolýanlar göçürilme we gyrgynçylykdyr" diýendigini belleýär.

“Star" gazeti: “Britaniýa türk kärhanalaryny maýa goýmaga çagyrdy" söz başyly habarynda, Britaniýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Riçard Muryň: “Türkiýe esasy söwda hyzmatdaşymyzlarymyzyň biri we has köp hyzmtdaşlyk etmek isleýän ýurtlaryň hatarynda gelýär. Türk kärhanalaryny senagat we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmtdaşlyk etmäge çagyrýarys" diýendigini habar berýär. Gazet Beýik Britaniýanyň Söwda we maýa goýum agentliginiň türk maýadarlaryny ýurtda önümçilik, tehnologiýa, saglygy goraýyş, kinomotografiýa, aýdym-saz, syýahatçylyk, animasiýa, şekillendiriş sungaty ýaly ençeme ugurda maýa goýmaga çagyrandygyny nygtaýar.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Türk howa ýollarynyň başarnyklygy Garwartda okadylýar" söz başyly habarynda, soňky ýyllarda barha çalt ösýän we bütin dünýäniň howa ýollarynyň arasynda ilkinji orunlarda ýer alýan Türk howa ýollarynyň başarnyklygy ABŞ-daky tanymal Garward uniwersitedinde okadylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Garwardyň Biznes mekdebinde 'Türk howa ýollary: Gözýetimiňi giňeltmek' atly mowzuk bilen çykyş eden Türk howa ýollarynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Temel Kotiliň THÝ-nyň başrankylyga elten ýoluny, öňünde goýan maksatlaryny okuwçylara düşündirendigine ünsi çekýär.

“Watan" gazeti: “330 metrden Kebelekler jülgesine bökdi" söz başyly habarynda, Mugla welaýatynyň Fethiýe etrbyndaky tanymal Kebelekler jülgesinde Kebelekler erkin bökmek boýunça Dünýä çempionadynyň geçiriljekdigini mälim edýär. Gazet bäsleşik üçin gurulan platformanyň üstüne çykan Jengiz Koçakyň 330 metr beýiklikden Kebelekler jülgesine bökendigini beýan edýär. Habarda bäsleşigiň gurnaýjylarynyň biri bolan Ali Esiň spordyň Erkin bökmek görnüşiniň dünýäniň iň meşhurlarynyň biridigini belläp geçendigi nygtalýar.

“Haber Türk" gazeti: “Berlinalede 4 türk filmi görkeziler" söz başyly habarynda, Dünýäniň iň tanymal film festiwallarynyň biri bolan 66-njy Berlin kino-film festiwalynyň başlaýandygyny habar berýär. Gazet 11 gün dowam etjek fetiwalda 50-den gowrak ýurtdan 434 filmiň görkeziljekdigine ünsi çekýär. Habarda 500 müňe golaý kino muşdaklaryň boljak festiwalda 4 türk filminiň hem görkeziljekdigi ýazylýar. Gazet Berlinaleniň Kanny we Wenesiýa festwallardan tapawudynyň syýasy filmleriniň köp görkezilmekdigini aýdýar.



Degişli Habarlar