Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.01.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

425079
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.01.2016

“Haber Türk” gazeti: “DAEŞ-iň maksady alewi, kürt we türkmen obalary” söz başyly habarynda, Ankarada 10-njy oktýabrda Otly bekedinde guralan hüjümden soň ýurduň Baş prokuraturasy tarapyndan başladylan derňew işiniň netijesinde DAEŞ-iň Gaziantep boýunça jogapkär ýolbaşçylarynyň biri bolan Ýunus Durmazyň kompýuterinden guramanyň öňünde goýan meýilnamalarynyň ýüze çykandygyny mälim edýär. Gazet guramanyň Türkiýede türk-kürt we mezhep söweşlerini ýüze çykarmak meýiliniň bardygyny, şol sebäpli guramanyň agzalarynyň Türkiýedäki alewi, kürt we türkmen obalaryny sanawa alandygyny we ekspedisiýa gurandygyny belleýär. Habarda kompýuterdäki maglumatlaryň arasynda ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Ak partiýanyň we HDP wekiliýetleriniň sanawlarynyň hem bardygy ýazylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Demirgazyk Yrakdan Türkiýä iberilýän nebit 4 esse artdy” söz başyly habarynda, Kerkük-Jeýhan nebit turba geçirjisi bilen Türkiýäniň üsti bilen dünýä bazarlaryna çykarylýan Yragyň nebitiniň mukdarynyň 2015-nji ýylda 2014-nji ýyla garanyňda 4 esse artyp, 48,6 million barrelden 192,4 million barrele ýetendigini habar berýär. Gazet hünärmenleriň sebitdäki durnuksyzlyk we çaknyşyklar sebäpli Türkiýäniň nebit eksportynda howpsyz koridordygyny we Yrak nebitiniň eksporty üçin Türkiýäniň wajyp bir ýurtdygyny aýdandyklaryny nygtaýar.

“Watan” gazeti: “Türkiýe kredit kartynyň sany boýunça Ýewropada 1-nji orunda” söz başyly habarynda, Türkiýedäki kredit kartlarynyň sanynyň 171 milliona ýetendgini okyjy öpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet tölemek ulgamynda 2015-nji ýylyň başarnykly ýyl bolandygyny, kredit karty bilen jemi 256 milliard lira möçberinde söwda edilendigini we elektron söwdasynda Türkiýäniň halkara arenada nusgawy ýurt bolandygyny beýan edýär.

“Sabah” gazeti: “Eýranly bank gelýär” söz başyly habarynda, sanksiýalardan halas bolan we ýuwaş-ýuwaşdan dünýä açylýan Eýranyň iň uly 2-nji banky Bank Pasargadyň ugruny Türkiýä öwürendigini mälim edýär. Gazet Pasargad bankynyň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň agzasy Mostafa Behestiroýyň: “Türkiýe, Ispaniýa, Germaniýa we Hytaý ýaly ýurtlarda derňew geçirýäris. Ady agzalan ýurtlarda şahamça açmak isleýäris. Ýerli banklar bilen hyzmtdaşlyk edip bileris ýa-da ýerli banky satyn alyp hem bileris” diýendigine ünsi çekýär.

“Star” gazeti: “Ejzajybaşydan importa goşant” söz başyly habarynda, Ejzaşybaşynyň Türkiýäniň biotehnologiýa önümlerindäki import ugrundaky garaşlylygyny azaltjak ädim ädendigini habar berýär. Gazet ABŞ-ly Baksalta kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk etjek Ejzajybaşynyň gany we imunitedi näsaz bolan syrkawlaryň önümlerini Türkiýä getirjekdigini belleýär.


Etiketkalar: #metbugat , #syn , #gazet , #bank , #Eýran

Degişli Habarlar