Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.01.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

423404
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.01.2016

“Star” gazeti: “Bombany Stambulda partladanlaryndan soň Asada habar berdiler” söz başyly habarynda, Stambulda 10 nemes syýahatçynyň ýogalmagyna sebäp bolan kamikaz hüjümi bilen baglanşykly dowam etdirilýän derňew işinde wajyp maglumatlaryň ýüze çykmaga başlandygyny mälim edýär. Gazet partlamadan soň telefon jaňlaryny derňän Stambulyň Baş Prokuraturasynyň tussag edilen Ali Ibrahiminiň kamikaze hüjümini guran Nabyl Fadly bilen partlamadan ozal ýygy-ýygydan telefonde gürleşendiklerini, hüjümden soň bolsa saklananyň Siriýanyň Konsullygyna jaň edip habar berendigini belleýär. Habarda Ibrahiminiň Fadly bilen gürleşeninden soň ýygy-ýygydan Siriýa jaň edip hasabat berendigi nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Günorta Akym taslamasy çaltlansyn” söz başyly habarynda, Ýewropa komissiýasynyň Energetika Bileleşiginiň wekili Maros Sefjowiçiň Ýewropanyň tebigy gaz zerurlygy taýdan Türkiýäniň wajyp ýurtlarynyň biridigini aýdandygyny habar berýär. Gazet Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa daşajak Günorta Akym taslamasynyň ähmiýeti barada durup geçen Sewjowiçiň taslamada goňşy ýurtlaryň resurslaryny ulanyp biljekdiklerini we Günorta Ortaýer deňizindäki ätiýaçlaryň hem Ýewropa üçin zerurdygyny, Türkiýäniň şol ugurda wajyp bir ýurtdygyny aýdandygyna ünsi çekýär.

“Watan” gazeti. “Ägirtler Halkbanka ýüz tutar” söz başyly habarynda, Eýrana garşy goýulan ykdysady sanksiýalaryň ýuwaş-ýuwaşdan aýrylmagyndan soň, ünsleriň Eýran bilen işleşmekde tejribesi bolan kärhanalara gönügendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet embargo döwründe Türkiýäniň Eýran bilen şertnama baglaşan wagty Halkbankyň üsti bilen baglaşandygy üçin banky bu ýurt bilen boljak gatnaşyklarda öň hatara çykarýandygyny beýan edýär. Habarda mysal üçin Türkiýäniň Eýrandan alýan tebigy gazyň puluny Halkbankyň üsti bilen töländigi we şol sebäpli banka ençeme ägirt kärhananyň ýüz tutmaga garaşylýandygy ýazylýar.

“Sabah” gazeti: “Günalyň kartinasyna 500 müň lira” söz başyly habarynda, türk döwrebap surat sungatynyň ussatlary bilen birlikde dünýäniň tanymal suratkeşleriniň eserleriniň 34-nji Ak auksionynda sungat muşdaklary bilen duşuşandygyny mälim edýär. Gazet ýerli we daşary ýurtly 127 suratkeşiň 262 eseriniň satylan auksionynda iň gymmat satylan kartinanyň 500 müň lira bilen Neşet Günalyň 1958-nji ýylda çeken “Ýaşaýyş 2” eseriniň bolandygyny belleýär. Habarda Bedri Rahimi Eýüboglynyň 1975-nji ýylda çeken “Gyzyl kofe” eseriniň bolsa 350 müň lira satylandygy we eseriň auksionda iň gymmat satylan 2-nji eseri bolandygy nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti: “Oskarda uly şok: Biz aktýor dälmi?” söz başyly habarynda, amerikaly Spike Liniň we oýunçy Žada Pinkett Smitiň öňümizdäki aý geçiriljek Oskar dabarasyna dalaşgärleriň aglabasynyň aklardan ybarat bolmagy sebäpli närazyçylyk bildirmek üçin çärä gatnaşmajakdyklaryny aýdandyklaryny habar berýär. Gazet Spike Liniň Istagram hasabyndan paýlaşan hatynda ap-ak dabarany goldamajakdygyny aýdandygyna, Will Smitiň aýaly Žada Pinkett Smitiň hem Facebook hasabynda paýlaşan wideosynda çärä gatnaşmajakdygyny aýdandygyna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar