Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.12.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.12.2015


“Star” gazeti “Türkiýäniň Russiýa edýän eksportunda pese gaçyşlyk ýok” söz başyly habarynda Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçiniň “Soňky eksport görkezijilerine görä dekabr aýynyň 1-15-i aralygynda Russiýa edýän eksportumyzda pese gaçyşlyk ýok, tersine ýokarlama bar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat beren Tüfenkçiniň “Russiýa käbir harytlara goýan embargosyndan ýüz öwürdi we ýaňadandan almaga başlady. Bu mesele hakynda näme aýdyp bilersiňiz” diýlen soraga, “Embargolaryň ýuwaş-ýuwaşdan bes ediljekdigine ynanýaryn” diýip jogap berendigini belleýär.
Gazet Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçiniň “Russiýa birnäçe harytda bolşy ýaly aýakgap, kir ýuwýan we gap-çanak ýuwýan maşynlar ýaly senagat harytlaryny Türkiýeden satyn almakdan ýüz öwrüp bilmedi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ysrýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin 3 şert” söz başyly habarynda Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň sebitiň durnuklylygy taýdan diýseň möhümdigini aýdan Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň “Ysraýyl Türkiýäniň goýan şertlerini ýerine ýetirmekden energetika ýada başga bir ugur boýunça edilýän gatnaşyklaryň kadalaşmagyna garaşmasyn” diýen sözlerine ýer berýär.
Gazet Türkiýäniň gatnaşyklaryň Mawi Marmara wakasyndan ozalkysy ýaly kadaly dowam etmegi üçin hüjüm sebäpli Ysraýylyň ötünç soramagyny, ýogalanlaryň hossarlaryna jerime tölemegini we Gaza goýlan gabawyň bes edilmegini talap edendigini, Ysraýylyň bolsa häzire çenli diňe ötünç sorandygyny ýatladýar.

“Hürriýet” gazeti “Akylly telefonda ýerli marka öňe saýlanýar” söz başyly habarynda akylly telefon bazarynda global markalaryň esasy orun eýeleýän döwründe ýerli markalaryň hem ýakyndan tanalmaga başlandygyny ýazýar.
Gazet walýuta kurslaryndaky durnuksyzlyk sebäpli nyrhynyň amatlydygy üçin halkyň ýerli marka telefonlara gönügendigini nygtaýar.
Gazet ýerli marka telefonlaryň şu ýyl akylly telefon bazarynda 25 göterimlik bazar paýyna eýe bolandygyny ýatladýar.
Gazet 2015-nji ýylyň ahyrynda ýerli akylly telefon oýlap tapan firmalaryň sanynyň we satuwa çykarlan telefon görnüşleriniň sanynyň barha köpelýändigine ünsi çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk firmalary globallaşýar” söz başyly habarynda türk firmalarynyň daşary ýurtlarda esasan hem energetika we gurluşyk pudagynda uly taslamalary bilen ünsleri özüne çekýändigini ýazýar.
Gazet türk firmalarynyň global bazarlarda esasan hem maýa goýumlary we satyn alma güýji bilen hem ýakyndan tanalýandygyny belleýär.
Gazet geljek ýyl diňe iki türk firmasynyň daşary ýurtlardaky maýa goýumlarynyň jemi gymmatynyň 3,5 milliard dollardan geçjekdigini nygtaýar.
Gazet Türkiýe nebitleri firmasynyň daşary ýurtda 2016-njy ýylda 2,5 milliard dollarlyk maýa goýmagy, türk sement topary Limak Çimento firmasynyň hem esasan hem Afrika ýurtlarynda 1 milliard dollarlyk maýa goýmagy meýilleşdirýändigini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar