Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.12.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

397633
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.12.2015


“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň tutumy, özüne aşa ynam bildirýän Russiýanyň psihalogiýasyny geň galdyrdy” söz başyly habarynda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň hususy telewideniýe kanalynda eden çykyşynda Russiýanyň 2008-nji ýyldaky Gürjistan urşundan bäri gaharjaň syýasat alyp barýandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet Dawutoglynyň “Howa giňişligimizi bozmadyk bolsady Siriýada rus harby uçarlarynyň asuda ilaty gyrgyna berýändigine garamazdan ýene-de Russiýa bilen gepleşik geçirerdik. Serhedimizde kowumdaşlarymyzy gyryna berip ol ýerdäki halkyň ýerini ýurduny terk etmegine sebäp bolýarsyňyz. Serhedimizi bozup doganlarymyzy bombalamagyňyza bolsa Türkiýe rugsat berip bilmez. Türkiýäniň tutumy, özüne aşa ynam bildirýän Russiýanyň psihalogiýasyny geň galdyrdy” diýendigini belleýär.

“Sabah” gazeti “Demirgazyk Ýewropa ýangyç goldawy ýolda” söz başyly habarynda Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mahir Ünalyň Russiýanyň rus syýahatçylarynyň Türkiýä gelmeklerini we çarter uçar saparlaryny gadagan edýän karary sebäpli syýahatçylyk pudagynyň zyýan görmezligi üçin goşmaça çäreleriň görlendigi hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet ministr Ünalyň “Ozal Russiýadan gelen uçarlara berilýän 6 müň dollarlyk ýangyç goldawy indi Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna berler” diýendigini ýatladýar.

“Ýeni Akit” gazeti “Hünärmenler duýduryş berýär: ÝB-ne ynanmaň” söz başyly habarynda Siriýa sebäpli emele gelen bosgun meselesi sebäpli ähli deňagramlylygy bozulan ÝB-niň, Türkiýäni güýmeme syýasatyna ýene-de bir gezek ýüz tutandygyny habar berýär.
Gazet agzalygy wada beren ÝB-niň Türkiýäni birnäçe ýyldan bäri gapysynda garaşdyrýandygyny belleýär.
Gazet hünärmenleriň ÝB-niň bosgun krizisiniň çözülmegi üçin beren wadalary hakyndaky analizlerine ýer berýär.
Gazet hünärmenleriň “ÝB Türkiýäni 56 ýyldan bäri gapysynda güýmeýär. Şu günki güne çenli beren sözünde durmady. Baglaşylan şertnamalaryň kadalaryny doly ýerine ýetirmedi. Erkin syýahat üçin Türkiýeden ýerine ýetirilmegi diýseň kyn bolan şertleri talap edýär. Şol sebäpli hem ÝB-ne ynanmaň”diýendiklerini ýatladýar.

“Star” gazeti “Ýewraziýa tuneli ýylyň taslamasy hökmünde saýlandy” söz başyly habarynda tunelçilik taýdan dünýäniň esasy bileleşigi bolan Halkara tunel we ýerasty binalar bileleşigi tarapyndan Halkara tunelçilik baýraklarynyň eýelerine gowşurlandygyny ýazýar.
Gazet asyryň taslamasy hökmünde hasaplanylýan Ýewraziýa taslamasynyň tunelçilik taýdan dünýäniň 110 taslamasynyň arasynda “Uly taslamalar” kategoriýasynda birinjilik baýragyna mynasyp bolandygyny nygtaýar.
Gazet Bosfor bogazynyň aşagyndan geçjek tuneliň jemi 14.6 kilometr uzynlyga eýedigini we taslama arkaly Aziýa bilen Ýewropanyň ilkinji gezek deňiziň aşagyndan garaýoly arkaly birleşjekdigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýä ilkinji gezek gelýär” söz başyly habarynda çagalaryň uly höwes bilen okaýan Saftrik atly kitabyň awtory Jeff Kinneýiň 5-nji dekabrda Türkiýä geljekdigini we okyjylary bilen duşuşjakdygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar